SAN FORMATYNDAKY PAÝHASLY ÇÖZGÜTLER

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäginde alnyp barylýar.

Ýurtda sanlylaşdyrmagy ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. 2019-njy ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen döredilen institut maglumat, telekommunikasiýa we intellektual ulgamlar, sanly tehnologiýalar, elektronika, innowasiýa we ş.m. dolandyrjak hünärmenleri üstünlikli taýýarlaýar.

Täze okuw jaýynyň mugallymlarydyr talyplarynyň sanly taslamalary-da netijeli we üstünlikli döredilip, durmuşa geçirilýär. Bu ýerde institut döredileni bäri geçen jemi iki ýylyň içinde dürli taslamalaryň birgideni taýýarlandy we durmuşa geçirildi. Şolaryň arasyndan paýtagtyň gurluşygynyň 16-njy nobatyndaky ýaşaýyş jaýlaryny abadanlaşdyrmak üçin institutyň Alym ýaşlar geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda işlenip düzülen “Akylly öý” taslamasyny bellemän geçmek bolmaz. Başlangyç, şol bir wagtyň özünde-de şowly tejribe täze binalardaky amatly ýaşaýyş şertlerini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda institutyň hünärmenleri we talyp ýaşlary häzirki zaman “Aşgabat-siti” mega-taslamany durmuşa geçirmek boýunça sanly çözgütleri döretmek ugrunda iş alyp barýarlar. Bu ugurda, işläp düzüjileriň tagallalary geljekde jaý aljaklaryň durmuşyny, administratiw we döwlet edaralarynyň işini has sada, amatly we howpsuz etmäge gönükdirilendir.

Synag otaglarynda, institutyň ussahanalarynda innowasiýa taslamalary döredilýär. Bu işiň alnyp barylýan ýeri-de, bilşiňiz ýaly, uniwersitetiň ýerliginde işleýän ýurduň ilkinji IT-meýdançasydyr. Bu ýerde programma üpjünçiligi, saýtlary işläp taýýarlamak, ýerli edaralardyr müdiriýetler üçin bilim maksatnamalary, hususy kärhanalar üçin hyzmatlary hödürlemek boýunça taslamalar taýýarlanýar. Mundan başga-da, sanly bilimi ösdürmegiň çäginde uzak aralykdan okatmagyň mümkinçiliklerini guramak we ulanmak boýunça köp işler alnyp barylýar.

Institutyň “Bilim” portalynda işe täze başlaýan hünärmenlere kömek bolsun diýen maksat bilen awtomatlaşdyrylan programma kitaphanasy ýerleşdirilen, onda gerek bolan ýöriteleşdirilen edebiýaty aňsatlyk bilen saýlap almak bolýar. Bu ýerde multimediýa faýllaryny, çyzgylary, eskizleri, bir söz bilen, okuw, tejribelik we gönüden-göni taslamanyň üstünde işlemek üçin gerek bolan ähli zatdy tapmak bolýar.

Institutda talyplar bäş fakultetde 21 hünär boýunça bilim alýarlar. Ökde hünärmenleri taýýarlamak ugurlarynyň arasynda “Howpsuz elektron ulgamlar”, “Senagat elektronikasy”, “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary”, “Programma inženerligi”, “Maglumat howpsuzlygy”, “Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi”, “Biznes-informatika” hünärleri bar. “Amaly informatika” ugry boýunça bolsa institut bakalawrlary taýýarlaýar.

Anastasiýa Kasýanowa

San formatyndaky paýhasly çözgütler (turkmenistan.gov.tm)