MANDRAGORANYŇ MELHEMLIK HÄSIÝETI
Mandragora baradaky ýatlamalar baryp-ha 4000 ýyl mundan öňki Müsür golýazmalarynda duş gelýär. Gündogaryň gadymy tebipleriniň ulanan dermanlyk ösümlikleriniň sanawynda ol birinji, häzirki wagtda meşhur ženşen bolsa diňe üçünji orunda durýan eken.
Botanikler «daşyndan alça meňzeýän, eti garalynyňky ýaly gyzylymtyl, miwesiniň tagamy bolsa pomidory ýatladýan» bu ajaýyp ösümligiň gadym döwürde mukaddes hasaplanandygyny, şonuň üçin-de ony gazyp almagyň her öňýetene ynanylmandygyny aýdýarlar.
Adatça, mandragoranyň iri ýapraklary ýere ýazylyp ýatýar. Emma ýagyşdan bir-iki gün öň olar dikligine diýen ýaly galýarlar. Şonuň üçin bu ösümligiň atlarynyň biri gadym döwürde «ýagyş ýagdyrýan» bolupdyr.
«Müň bir gije» ertekiler ýygyndysynda we arap rowaýatlarynda mandragora hazyna gözleginiň hökmany esbaby bolup, onuň köküne eýelik edýän adama özgeleriň pikirini okamak we haýwandyr guş diline düşünmek ukyby berilýär. Gadymy grek lukmanlary bolsa hirurgik amal edenlerinde, bihuş dermany hökmünde gyzgyn mandragora suwuna batyrylan sorguçlary ulanypdyrlar.
Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda tanymal lukman bolan meşhur biolog Karl Linneý bu ösümligiň bejeriş häsiýetlerini öwrenip, özüniň derman bölüşiginde oňa «atropa mandragora», ýagny «şypaly mandragora» diýip at beripdir.
Uzak ýyllaryň dowamynda Garrygaladaky (häzirki Magtymguly etraby) türkmen ösümlikçilik tejribe bekediniň direktory bolup işlän tanymal saýlaýjy-botanikaçy we suratkeş Olga Mizgirewa mandragorany öwrenmek ugrunda köp iş etdi. Ol 1938-nji ýylda obanyň töwereginde soň türkmen mandragorasy (Mandragora turcomanica) ady bilen ylmy dolanyşyga giren bu gadymy ösümligiň meňzäri bolmadyk görnüşini tapdy, bu waka ylmy açyş boldy. Netijede, Mizgirewa «Türkmen mandragorasy, onuň biologiýasy we barlaghanada ösdürilip ýetişdirilmek mümkinçiligi» mowzugyndan kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, Biologiýa ylymlarynyň kandidaty derejesini aldy.
Häsiýetleri boýunça adaty bolmadyk bu ösümlik öň belli bolan görnüşlerinden dik baldagynda ýere deger-degmez şöhle ýaly ýerleşen örän uly – diametri bir ýarym metre çenli ýapraklary, has uly miweleri we başga-da birnäçe alamatlary bilen tapawutlanýar. Ýerli ilat bu ösümlige «selmelek» diýýärdi.
1991-nji ýylda meşhur arheolog Igor Nikolaýewiç Hlopin türkmen mandragorasy barada şeýle ýazgy galdyrdy: «Seýrek duş gelýänligi sebäpli, Gyzyl kitaba girizilen Haoma – biziň döwrümize çenli diňe Sumbaryň orta akymlarynda saklanyp galan ösümlik türkmen mandragorasydyr, onuň guradylan miweleri uzak wagtlap saklanyp we uzak aralyklara daşalyp bilner».
Türkmen mandragorasynyň halk lukmançylygynda ulanylyşy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda bar. Türkmen mandragorasynyň ýapraklarynyň gaýnagynyň ýara bitirmek we adamy kuwwatlandyrmak häsiýetlere eýedir.
Roman Teplýakow