HOWA UÇARLARYNYŇ ÝOLBELETLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
Her ýyl 12-nji iýulda dünýäde iň romantik kärleriň biriniň eýeleriniň - stýuardlar we stýuardessalar raýat awiasiýasynyň howa uçarlarynyň ýolbeletleriniň Bütindünýä güni bellenýär.
Olaryň esasy borjy uçuş wagty ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Mundan başga-da stýuardlar we stýuardessalar ýolagçylaryň özüni oňaýly duýmagy üçin elde baryny edýärler.
«Türkmenhowaýollary» agentliginde (Turkmenistan Airlines) içerki we halkara ugurlarynda işleýän uçar ýolbeletleriniň ýüzlerçesi zähmet çekýärler. Resmi maglumatlara görä, «Türkmenhowaýollary» Aziýada iň howpsuz awialiniýadyr.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň howa ýollarynyň düzümleri çalt depginde ösdürilýär. Muňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen taýýarlanylan «2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi oňyn ýardam edýär.
1993-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň (ИКАО) doly derejeli agzasy boldy.
Aşgabadyň täze Halkara aeroportunyň işe girizilmegi milli Lideriň Türkmenistany Ýewropa bilen Aziýany baglaşdyrýan möhüm iri sebit ulag-logistika merkezine öwürmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçrimekde ýene bir möhüm ädim boldy.
Häzirki wagtda «Turkmenistan Airlines» agentliginde dünýä belli «Boeing» kysymly we beýleki uçarlar bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmaga we giň sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir, döwrebap ulag-kommunikasiýa düzümleriniň kemala getirilmegi onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Şu jähetden Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Raýat awiasiýasy halkara guramasy – ИКАО bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr.
Janmämmet Gulamow
Howa uçarlarynyň ýolbeletleriniň Bütindünýä güni (turkmenistan.gov.tm)