ÝURDUMYZYŇ WEKILIÝETI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞKENT ŞÄHERINE GULLUK IŞ SAPARYNDA BOLÝAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine gulluk iş saparynda bolýar (turkmenistan.gov.tm)