TÄZE MÖWSÜME TAÝÝARLYK GÖRÝÄRLER

“Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalary şu günler täze möwsüme taýýarlyk görýärler. Alnyp barylýan işler önümçilik sehleriniň, çig mal ammarlarynyň, ýük ýüklenýän we düşürilýän meýdançalaryň ýöriteleşdirilen abzallaryny bolmalysy ýaly ýagdaýda saklamaga we howanyň hem çig malyň toprakdyr mineral tozandan hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Bu işleriň gidişinde zerurlyga görä, arassalaýjy ýelpezekler, siklon ulgamlary, turbageçirijiler, galdyrgyç gutulary we beýlekiler abatlanýar. Öndürilýän önümleriň hiliniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna goşant goşýan şeýle çärelere Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşaw ministrliginiň Daşoguzdaky ýöriteleşdirilen abatlaýyş kärhanasynyň ýokary hünärli topary işjeň gatnaşýar.

Häzirki wagtda “Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň ygtyýarynda çig pagtany gaýtadan işlemek üçin ösen önümçilik desgalary bar. Onuň düzüminde 9 sany pagta arassalaýjy kärhana, şol sanda ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen täze, aşa döwrebap kärhana we Köneürgenç etrabyndaky şol bir wagtyň özünde 10 müň tonna çig pagtany saklamaga ukyply bolan pagta kabul ediş nokady bar. Innowasiýa tehnologiýalarynyň üstünlikli ulanýan bu toplum tutuş sebitiň oba hojalyk öndürijilerini ýokary hilli pagta tohumlary bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. 

Çig maly gaýtadan işlemek üçin, iň döwrebap tehnologik işlemeler-de ulanylýar. Akdepe, Görogly we beýleki etraplaryň çäginde ýerleşýän pagta arassalaýjy kärhanalar häzirki zaman abzallary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Batyr Öräýew

Täze möwsüme taýýarlyk görýärler (turkmenistan.gov.tm)