TÜRKMENISTANDA «AGZYBIR MAŞGALA» OKUW MAKSATNAMASY DURMUŞA GEÇIRLÝÄR

Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-nyň «Ýerli derejede ýokary hilli inklýuziw durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak ýoly arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kamilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda  «Agzybir maşgala»    maksatnamasynyň usulýeti boýunça maşgala endiklerini gowulandyrmak maksady bilen okuw geçirilýär.

Maksatnama ata-enelere  kynçylyklary ýeňip geçmekde  berkitmeli taraplara düşünmäge kömek berýär, çagalary terbiýlemegiň we olary söýmegiň netijeli usullaryny teklip edýär.  Okuw şeýle hem, çagalarda hem, ulularda hem bolmaly aýratynlyklar bilen tanyşdyrýar.

Maksatnama çagalara durmuşda gabat gelýän meselelerden we kynçylyklardan baş alyp çykmagy, has ýakyn gatnaşykda bolup, ata-eneler bilen wagtyňy şadyýan geçirmegi öwredýär, şeýle hem maşgala ýörelgelerine eýermegiň wajyplygyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem olar ulaldygysaýy özünde kämilleşdirmeli  häsiýetlerine düşünýärler.

Şeýle okuwlary ýurduň sebitlerinde, hususan-da, Türkmenabatda we Maryda şu ýylyň awgustynda açmak göz öňünde tutulýar.

«Agzybir maşgala» maksatnamasynyň ilki Owganystanda işlenilip taýýarlanandygyny we synagdan geçirilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda ol Merkezi Amerikada, Merkezi we Günbatar Aziýada, Gündogar we Günbatar Afrikada  goşmaça synag edilýär.

Aýjahan Ataballyýewa

Türkmenistanda «Agzybir maşgala» okuw maksatnamasy durmuşa geçirlýär (turkmenistan.gov.tm)