ANTONIO WIWALDINIŇ ESERLERI RIHTERIŇ USULYNDA ÝERINE ÝETIRILER
Sazda barokko ýörelgesiniň genisi, italýan kompozitory we ussat skripkaçysy Antonio Wiwaldi nesillere ajaýyp operalaryň, oratoriýalaryň, kantatalaryň, instrumental konsertleriň 40-dan gowragyny miras goýupdyr. Onuň tanymal eserleriniň biri-de – 1725-nji ýylda döreden «Pasyllar» eseridir.
2012-nji ýylda bu eseriň döwrebap görnüşi peýda boldy. Asly nemes britaniýlay kompozitor Maks Rihter Wiwaldiniň «Pasyllar» eserini minimalizm tilsiminde diňleýjilere teklip etdi.
24-nji iýulda «Watan» kinokonsert zalynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri Wiwaldiniň bu eserini Rihteriň usulynda ýerine ýetirer. Türkmen diňleýjileri asyl nusgasy bilen «Pasyllar» eseriniň Maks Rihteriň gaýtadan işlän görnüşini deňeşdirip bilerler. Ýewropada Maks Rihteriň tilsimini diňleýjileriň goldandygyny bellemek gerek, ýöne biziň diňleýjilerimiziň pikiri diňe konsertden soň belli bolar.
Tamara Glazunow
Antonio Wiwaldiniň eserleri Rihteriň usulynda ýerine ýetiriler (turkmenistan.gov.tm)