DOST ÝURTLARYŇ BILELIKDÄKI TEKLIPLERI
Taryhy kökleri umumy bolan Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy ynsanperwer we medeni gatnaşyklar babatda hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek bilen ony ösdürýärler.
Gadymdan ruhy, medeni we taryhy kökleri bir bolan dostdana we goňşy iki ýurduň halklary diňe bir medeniýetde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek bilen çäklenmän, eýsem halkara giňişliginde-de, abraýly halkara guramalaryň çäginde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Bu goňşy ýurtlar ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň tanyşdyryş sanawyna girizmek üçin, bilelikde birnäçe teklip taýýarlady.
Bu ugurda Türkmenistan giňden ýaýran gadymy el hünärine – keşde sungatyna uly söýgi bildirýän türkmen nebereleriniň ýaşaýan ýurdy bolan Eýran bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň tanyşdyryş sanawyna goşmak üçin, “Türkmen keşde sungatynyň” dürli görnüşleriniň sanawyny düzdi we bu hakdaky maglumaty ÝUNESKO-nyň kätiphanasyna ugratdy. Ol resminama baradaky kararyň 2022-nji ýylda kabul edilmegine garaşylýar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň arasynda telefon söhbetdeşliginiň bolandygyny belläp geçeliň.
– Biz Eýran Yslam Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegine we pugtalanmagyna aýratyn ähmiýet berýäris – diýip, Ýurdumyzyň baştutany deňlik, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň saýasynda, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny nygtady.
EYR-nyň täze saýlanan Prezidenti hem öz gezeginde, gözbaşyny gadymdan alyp gaýdaýn medeniýeti we taryhy umumy bolan iki halkyň esasy bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmak, şeýle hem, halkara we sebit syýasatynyň iki tarap üçin-de bähbitli taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiliginden hoşaldygyny aýtdy.
Taraplar döwletara gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ýagny iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, esasanam, BMG-da we onuň bölümlerinde güýçlendirmek bilen iki tarapyň-da bähbidine peýdalydygyny nygtadylar.
“Keşdeçilik sungaty” atly dürli görnüşli faýl, türkmen gelin-gyzlarynyň gadymy el hünärlerini tanyşdyrmak bilen, milli medeni mirasyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.
Iňňeden çykma nagyşlar gadym döwürlerden bäri türkmenleriň milliliginiň özboluşlylygyny görkezip gelýär, şonuň üçin-de, onuň ähmiýetiniň dünýä derejesinde ykrar edilmegi, halk sungatynyň bu görnüşiniň asyrlaryň dowamynda saklanyp galmagyna ýardam eder we dürli-dürli milli medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrar.
ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawynda, eýýäm Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy we medeni goraghanalar, “Görogly” eposy, “Küştdepdi” tansy we haly dokalyş sungaty bar.
Dutar ýasamak, saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdygy nygtaldy. Bu agzalan adalgalar baradaky kararyň degişli Komitetiň 2021-nji ýylyň dekabrynda geçirilmäge meýilleşdirilýän mejlisiniň çäginde kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň ÝUNESKO işleri boýunça Milli topary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ýurdumyzyň käbir taryhy we medeni ýadygärlikleriniň girizilmegi baradaky meselesini hemişelik esasda ara alyp maslahatlaşýar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredowyň Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berendigini ýatlatmalydyrys.
Taýýarlan: Janmämmet Gulamow