DOKMA KÄRHANALARY MEKDEP EŞIKLERINI TIKÝÄRLER
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary mekdep okuwçylary üçin egin-eşikleriň giň görnüşini tikmäge girişdiler. Adatça 1-nji awgustda açylýan mekdep bazaryna okuw eşikleriniň ähli görnüşlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Bu pudagyň esasy kärhanalary bolan Aşgabadyň tikinçilik fabrikleri ilkinjiler bolup işe girişdiler. «Altyn Asyr» fabriginde oglanjyklar üçin egin-eşikler – kostýumlar, jalbarlar, galstuklar tikilýär. Paýtagtymyzyň baýry kärhanasy -- «Bahar» fabrigi okuwçy gyzlary «bezeýär». Olar üçin eýýäm ak fartuklar, köýnekler, penjekler, zähmet sapagy üçin ýektaýlar tikildi.
Marynyň «Ýeňiş» tikinçilik fabriginde ak köýnekleri çykarmak ýola goýuldy. Türkmenabadyň, Berekediň tikinçilik fabrikleri, Daşoguzyň «Çeper» fabrigi täze okuw ýylyna taýýarlyga goşuldylar. Olar okuwçylary zähmet sapagy üçin eşikler – öňlükler, ýektaýlar, ellikler bilen üpjün ederler.
Gökdepäniň we Gypjagyň dokma toplumlary oglanjyklar we gyzjagazlar üçin sport eşiklerini çykarmagy özleşdirdiler. Olar baryp iýun aýynyň ahyrynda okuwçylar üçin eşikleri tikip başladylar, olar eýýäm «Altyn Asyr» söwda merkezinde, pudaklaýyn kärhanalaryň dükanlarynda we paýtagtymyzyň merkezi köçelerindäki firma dükanlarynda satylýar.
Wladimir Komarow
Dokma kärhanalary mekdep eşiklerini tikýärler (turkmenistan.gov.tm)