ÝURDUMYZDA ÖZ IŞINI TAMAMLAÝAN KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi.  

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatanşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar.

Diplomatlar döwletara gatnaşyklarynyň has-da ilerledilmegi maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.

Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparyny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi. Şu nukdaýnazardan, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtamak arkaly, onuň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi üçin iki ýurduň pudagara derejesinde işjeň taýýarlyklaryň geçirilendigi hem bellenildi.

Diplomatlar ýurtlaryň ikisiniň hem medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Ilçi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasra türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk (mfa.gov.tm)