AMYDERÝA SEBITINDE SUW-ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda we diplomatiýasynda energetika hem-de suw meselesine uly ähmiýet berilýär, ýurdumyz sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak üçin goňşy ýurtlar hem-de halkara düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM) amala aşyrýan Ýewropa Bilelşiginiň «suw-energiýa-azyk» (SEA Neksus) özara gatnaşaygynyň esasynda sektoara maliýeleşdirmegi höweslendirmek boýunça Merkezi Aziýa gatnaşyklary» taslamasyna gatnaşmagy munuň anyk mysalydyr. Ol Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) hem-de Germaniýanyň Ydysady hyzmatdaşlyk we ösüş federal ministrliginiň (BMZ) maliýe taýdan goldamagynda dünýä sebitleriniň bäşisinde amala aşyrylýan ählumumy Neksus Gatnaşyklar Maksatnamasynyň bir bölegidir.

Merkezi Aziýa boýunça Sebit Neksus gatnaşyklary maksatnamasynyň (2020-2023 ýý) ikinji tapgrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Tehniki iş toparynyň üsti bilen durmuşa geçirýän kiçi möçberli «Düýeboýun gidrouzeli» taslamasy göz öňünde tutulýar. Bu toparyň hatarynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem Düýeboýun gidrouzeliniň ygtyýarly wekilleri bar.

Taslama Amyderýanyň aşaky akymynyň ýurtlary üçin uly ähmiýetli bolan Düýeboýun gidrouzelindäki şaha howdanynyň çalt gyrmança basmagy meselesini çözmek üçin tehniki we maýa goýum mümkinçiliklerini gözlemäge gönükdirilendir. Gidrouzel Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýakyn sebitlerini agyz suwy hem-de elektrik togy, galla, pagta, bakja we beýleki ekinleri, şeýle hem balyk ýetişdirýän fermer hojalyklaryny zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin suw möçberini möwsümleýin düzgünleşdirýär.

Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM) saýtynda bellenilişi ýaly, taslama 2021-nji ýylyň fewralyndan 2022-nji ýylyň dekabryna çenli Özbegistan Respubliaksynyň Suw hojalygy ministrliginiň we Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň syýasy goldawynda, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Suw-energetika taslamasynyň (CAWEP) çäklerinde amala aşyrylýan «Merkezi Aziýanyň suw sektory üçin innowasion çözgütler laboratoriýasy» taslamasynyň tehniki taýdan goldamagynda DBGU serhetüsti desgasynda durmuşa geçirilýär.

Iýul aýynda bilermenleriň iş toparynyň ikinji onlaýn-mejlisi geçirildi. Toparyň agzalary geçirilen işleriň netijeleri boýunça taslamalara tekliplerini we maslahatlaryny hödürlediler, şeýle hem 2021-nji ýylyň ahyryna çenli işleriň meýilnamasyny tassykladylar.

Ogulgözel Rejebowa

Amyderýa sebitinde suw-energetika hyzmatdaşlygy (turkmenistan.gov.tm)