WEB HYZMATY EKSPORTÇYLAR BILEN TANYŞDYRÝAR

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan “Kerwenler” hususy kärhanasy eksporta dürli türkmen nagyşly örtükleri, ýüň ýorganlary, goýun ýüňünden öndürilen dürli belgili ýüplükleri hödürleýär. Mälim bolşuna görä, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu telekeçilik kärhanasy ýokary hilli dokma önümlerini indi birnäçe ýyl bäri öndürip gelýär. Germaniýanyň “Dor-Nier” we Türkiýäniň “Honaz” şereketleriniň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly abzallary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana daşary ýurtly alyja bir gezekde üç müňden ýa-da ondan-da köp haryt birliginden ybarat bolan önüm tapgyryny hödürläp bilýär.

Sarp edijiler üçin zerur bolan bu maglumatlaryň ählisini esasy wezipesi daşary ýurtly alyjylara Türkmenistanyň önümleri we öndürijileri barada ygtybarly hem dogry maglumat bermek bolan TurkmenExporters.com.tm web portalyndan hiç bir kynçylyksyz almak bolýar.

Häzir bu web hyzmaty ýurt daşyndaky bazar üçin türkmen öndürijileriniň önümleriniň takmynan iki müň görnüşini hödürleýär. Telekeçi Süleýman Geldiýewiň düşündirişi ýaly, TürkmenExporters.com.tm” Türkmenistanyň işewür toparlary türkmen önümleri bilen tanyşdyrýan, hem döwlet, hem hususy kärhanalaryň eksporta gönükdirilen harytlary barada jikme-jik maglumat berýän öňdebaryjy söwda platformasydyr. Ol ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, “Türkmensenagat” birleşigi we beýleki öndürijiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Portal eýýäm dünýäniň 60-dan gowrak ýurduna türkmen önümleriniň eksportynyň ösmegine saldamly goşant goşdy.

Häzirki zaman halkara elektron söwda ýörelgeleri esasynda döredilen TurkmenExporters.com.tm özüniň onlaýn katalogyna diňe önümçilik toparlaryny girizýär. Bu söwda platformasynda öndürijiler dokma senagaty, azyk senagaty, derman senagaty, himiýa we nebithimiýa senagaty, gurluşyk materiallary senagaty, hojalyk harytlary, ulag we logistika hyzmatlary, hukuk we maslahat hyzmatlary, jahankeşdelik we syýahatçylyk hyzmatlary ýaly dokuz topara bölünýärler.

Bu portaly ulanmak bilen, daşary ýurtly alyjylar ýurdumyzyň 80-den gowrak kärhanasyndan maglumat we resminamalar sorap bilerler. Bu maglumatlar dolulygy we ýerlikliligi taýdan başga bir döwletiň söwda reýestrine gönüden-göni ýüz tutandaky ýalydyr. Özüňi gyzyklandyrýan şereket barada esasy maglumatlary almak aňsat. Şereketiň, hakykatdanam, bardygyny ýa-da ýokdugyny, hasaba alnan salgysyny, guramanyň ýerleşýän ýerinden başlap, kompaniýanyň abzallarynyň doly beýany bilen gutarýan edara görnüşli taraplar barada maglumatlary, başgaça aýdylanda, geljekde sarp ediji bolup biljekleri adatça gyzyklandyrýan ähli zady barlap bilersiňiz. Müşderiler öndüriji bilen köplenç portal arkaly araçysyz gatnaşyk saklaýarlar. Munuň üçin bu portalda goşmaça – “çalt habarlaşma” hyzmaty bar.

TurkmenExporters.com.tm”-de dürli hyzmatlary hödürleýän şereketler-de bar. Türkmen önümini satyn almak isleýän daşary ýurtly alyjy bu platforma arkaly haryt sargyt edip, ýerli kanunçylyga laýyklykda geleşigiň resmileşdirilmegine kömek etjek hukuk şereketini tapyp we harydy daşamak bilen meşgullanýan logistika şereketlerine ýüz tutup biler. Wekilleriňizi Türkmenistana iberip, belli bir zawodyň önümleri bilen tanyşmak isleseňiz, “TurkmenExporters.com.tm”-de hasaba alnan syýahatçylyk şereketleriniň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

“TurkmenExporters.com.tm eksport we täze bazarlar bilen gyzyklanýan telekeçilere maslahat hyzmatlaryny hem hödürleýär.

– Biziň maksadymyz söwda platformasynda türkmen harytlary we öndürijileri barada bir bitewi maglumat esasyny döretmek, Türkmenistanyň öndürijilerine harytdyr hyzmatlaryny daşary hem içerki bazarlarda satmaga kömek bermek, şeýle hem gözleg, harytdyr hyzmatlary satyn almak işinde müşderi bilen üpjün edijiniň arasyndaky gatnaşygy çaltlandyrmakdyr – diýip, Süleýman Geldiýew düşündirýär.

“TurkmenExporters.com.tm häzirki wagtda türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde elýeterlidir.

Wladimir Komarow

Web hyzmaty eksportçylar bilen tanyşdyrýar (turkmenistan.gov.tm)