TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÄJIGISTANYŇ SENAGAT WE TÄZE TEHNOLOGIÝALAR MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar giň gerimli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana öňde boljak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary berkitmäge, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Ministrler senagat pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly pikir alyşdylar we iki döwletiň bu ugurdaky mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Täjigistanyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri bilen duşuşdy (mfa.gov.tm)