BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY ÝAŞ PROGRAMMA DÜZÜJILERI HAKATONA ÇAGYRÝAR

12-nji awgustda bellenýän Halkara Ýaşlar güni mynasybetli, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekiliýeti “Google Developer Group” bilen bilelikde hakatony (iňlis dilindäki “hacker” (haker) + marathon “marafon” sözlerinden ýasalan hackathon), ýagny “wirtual zagsy” işe girizýär. Döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak pudagynda innowasion çözgütleriň gözlegine gönükdirilip, programma işläp düzüjiler, dizaýnerler, dolandyryjylar üçin niýetlenen bu forum 7-8-nji awgustda geçiriler.

Bu, öz işiniň ussatlary üçin programma üpjünçiligi ulgamynda täze we peýdaly bir zat döretmek ugrundaky tagallalaryny birleşdirmek, özleriniň nämä ukyplydyklaryny görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Öňde duran hakaton üçin tehniki şertler soňra çap ediler. Topar agzasy, halypasy ýa-da meýletinçi hökmünde IT hünärmenler göreşine gatnaşmak üçin, degişli soragnamany doldurmaly. Arzalar 3-nji awgust, 18:00-a çenli kabul edilýär.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy çärä gatnaşyp tapawutlananlar bilen geljekki taslamalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk mümkinçiligini göz öňünde tutar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň binasynda ilkinji Aşgabat hakatonynyň bolup geçendigini-de bellemelidiris.

Aýjahan Ataballyýewa

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy ýaş programma düzüjileri hakatona çagyrýar (turkmenistan.gov.tm)