MEKDEP BAZARLARYNA HOŞ GELDIŇIZ!

Şu gün paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda her ýyl bolşy ýaly, mekdep bazarlary işläp başlady. Türkmenistan boýunça jemi söwda nokatlarynyň 410-sy, şol sanda Aşgabatda 55-si, Ahal welaýatynda 48-si, Balkanda 41-si, Lebapda 79-sy, Mary welaýatynda 134-si we ýurduň demirgazyk sebiti, Daşoguzda 53-si açyldy.

Alyjlara amatly bolar ýaly mekdep bazarlary merkezi bazarlarda we döwlet dükanlarynyň ýanynda, ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda ýerleşdirildi. Ýurduň Söwda ministrligniň guraýan söwda nokatlary milli ölçeglere laýyk önümler – okuwçylara zerur esbaplaryň ählisi bilen üpjün edilen.

Ilkinji nobatda, olar Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň öndürýän gyzjagazlar üçin ýaşyl penjekleri we milli keşdeli köýnekleri, öňlükleri we saçbagylary, oglanjyklar üçin nusgawy biçüwli kostýumlar, akja köýneklerdir galstuklardyr. Şeýle hem tekjelerde tahýalar, mekdep portfelleridir sport eşikleri we aýakgaplary bar.

Şeýle hem şol sanda ýerli önümler bolan gündelikler, kartalar, surat we çyzuw albomlary, ders we umumy depderler, dürli reňkler we başga-da ençeme esbaplar satuwa çykarylypdyr.

Mekdep bazarlary okuw ýyly başlanýança bir aý dowam eder. Ata-eneler we çagalar gerek zatlarynyň baryny bir ýerden alyp bilerler.

Mekdep bazarlaryna hoş geldiňiz! (turkmenistan.gov.tm)