ÇAGANY ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRMEGIŇ ВÜTINDÜNÝÄ HEPDELIGI
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi (World Breastfeeding Week) Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyjy bilen 1-nji awgustdan 7-nji awgust aralygynda geçirilýär. Onuň döredilmegine 1990-njy ýylda BSG-nyň we çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi höweslendirmäge hem-de goldamaga gönükdirilen Innoçet jarnamasynyň kabul edilmegi sebäp boldy.
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi dünýä ýurtlarynyň 170-den gowragynda amala aşyrylýar. Onuň maksady - zenanlary ene süýdüniň çaga saglygyna peýdalydygy barada habardar etmekdir.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG) alty aýa çenli çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi, soňra goşmaça iýmitlendirmek bilen birlikde, çaga azyndan iki ýaşaýança, ene süýdüni bermegi maslahat berýär.
Ene süýdi – diňe bir bäbek üçin iň gowy iýmit bolman, eýsem ol keselleriň öňüni almakda hem güýçli serişdedir. Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi dünýä ýurtlarynyň ählisinde 1-nji awgustdan 7-nji awgust aralagynda geçirilýär. Onuň maksady – jemgyýetçilik köpçüligine ene süýdüniň çagany keselleriň köpüsinden gorap biljekdigini düşündirmekdir. ÝuNISEF-iň maglumatlaryna görä, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bäş ýaşa çenli çagalaryň 820 müňüsiniň ömrüni halas edip biler.
«Owuz süýdi» kesellerden goraýan antitelalara baýdyr. Ene süýdi bäbejikleriň beýnisiniň ösüşine ýardam edýär, ýokanç kesellerden goraýar, semremek howpuny azaldýar.
Türkmenistanda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine aýratyn üns berilýär.Şeýle hem ýurtda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak boýunça milli maksatnama ornaşdyryldy. Ony durmuşa geçirmek üçin Enäniň we çaganyň saglygyny goramak barada ylmy-kliniki merkeziň binýadynda Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak boýunça merkez döredildi.
Taýýarlan: Janmämmet Gulamow
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň вütindünýä hepdeligi (turkmenistan.gov.tm)