RUSSIÝANYŇ PUŞKIN ADYNDAKY INSTITUTY TÜRKMENISTANLYLARY ÝAŞLARYŇ BARLAG WE TASLAMA BAŞLANGYÇLARY BÄSLEŞIGINE ÇAGYRÝAR
GDA-nyň döredilmegiuniň 30 ýyllygy, Russiýada Ylymlar we tehnologiýalar ýyly mynasybetli A.S. Puşkin adyndaky rus dili Döwlet instituty akademik W.G. Kostomarow adyndaky ýaşlaryň ynsanperwer barlaglary we taslama başlangyçlaryny grant goldawy bäsleşigini döretdi. Oňa GDA döwletlerinden, şol sanda Türkmenistandan talyplar, aspirantlar, mugallymlar, alymlar we ýaş hünärmenler gatnaşyp bilerler.
Döredijilik bäsleşigi rus dili boýunça maglumat-magaryf taslamalary we barlaglary ugrundan geçilýär.
Maglumat-magaryf taslamalaryna rus dili barada saýtlar, bloglar, elektron we neşir KHS-ndäki makalalar girýär. Olar milletara gepleşik dili hökmünde rus dilini ilerletmäge, goldamaga, şeýle hem GDA giňişliginde russiýa medeniýenitini, edebiýatyny ýaýmaga gönükdirilendir.
Talaplyklar 19-njy awgysta çenli kabul edilýär.
Iň gowy taslamalaryň onusyna grant berler. Ýeňiş gazanan awtorlar öz taslamalary bilen tanyşdyrmak we dabaraly ýagdaýda sylag almak üçin 2021-nji ýylyň dekabrynda Moskwa çagyrylar.
Bäsleşik barada anyk maglumaty saýtndan alyp boalr.
Aýjahan Ataballyýewa