HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ WE PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi kabul etmek dabarasy boldy.

Milli Liderimiz Täjigistanyň Prezidentini mähirli garşylaýar.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary özleri üçin ýörite gurnalan ýere geçýärler.

Hormat garawulynyň toparynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär.

Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçýärler hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýeti bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýörişi geçýärler.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň awtoulag kerweni atlylar toparynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumynyň merkezi girelgesine gelýär, bu ýerde ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylaýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, milli Liderimiz öz kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin zala çagyrýar. Bu ýerde ýüzbe-ýüz görnüşinde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmony türkmen topragynda mähirli mübärekläp, täjik Liderine döwlet sapary bilen Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Täjigistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär, ýokary derejedäki şu günki ikitaraplaýyn taryhy duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanandyr.

Koronawirusyň pandemiýasy dünýäniň ykdysady ýagdaýyna, şeýle hem sebit we ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirdi, şonuň üçin döwletara gatnaşyklarynyň geljeginiň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmak isleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däbe öwrülen türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şol ugurlarda özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meseleleriň biri bolar.

Hormatly Prezidentimiz kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberendigi üçin Täjigistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, öz tarapyndan dostlukly döwletiň Baştutanyna öwezini dolup bolmajak ýitgi — aýal doganynyň aradan çykandygy zerarly gynanç sözlerini beýan etdi.

Bu zatlar adamyň ýüregine we kalbyna öçmejek ýara salýar, emma wagt diýeniň geçip dur. Biz watançylar hökmünde halklarymyzyň bähbidine işlemelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik Lideriniň saparynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen gabat gelendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek işinde tagallalaryny birleşdirýändigini belledi. Bu duşuşygyň gün tertibine sebiti ösdürmek, hususan-da, häzir hemmeleri biynjalyk edýän Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşan şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Prezident Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi, şeýle hem duýgudaşlyk we goldaw sözleri üçin türkmen kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabat şäherine nobatdaky gezek gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny belledi.

Belent mertebeli myhman Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama aýratyn ähmiýet berilýär.

Täjik Lideri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolandygyny belläp, şu saparynyň çäklerinde geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Emomali Rahmon abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara gatnaşyklary baradaky meselelere degip geçmek bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täze çemeleşmeleri görkezýän Türkmenistanyň möhüm başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny aýtdy.

Belent mertebeli myhman döwrebap, sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa sebitiniň merjeni diýlip ykrar edilen, tanalmaz derejede özgeren türkmen paýtagtynyň hem-de iri şäherleriniň, hususan-da, Mary şäheriniň ösüşine haýran galandygyny aýdyp, täjik halkynyň türkmen doganlarynyň gazanýan üstünliklerine, Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, ençeme durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine buýsanýandygyny nygtady.

Söhbetdeşler dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň eýe bolan mümkinçilikleriniň hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Iki döwletiň Baştutanlary özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygyny bellemek bilen, türkmen-täjik gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň geljekde hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Prezidentleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmony hem-de onuň wekiliýetiniň ähli agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, duşuşmak hem-de iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we berkitmäge degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin täjik Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Täjigistanyň Prezidentiniň sapary däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasydyr. Şol gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine hem-de ikitaraplaýyn gyzyklanmalara we gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalara esaslanandyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu günki gepleşikleriň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna giňişleýin baha beriljekdigine, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny bar bolan mümkinçiliklere laýyklykda täze derejä çykarmak üçin geljekki ýagdaýlara garap, öňdäki işleriň kesgitlenip bilinjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmezden öňürti, ýokary derejeli myhmany 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlap, Emomali Rahmonyň şu saparynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlananyndan soň, biziň ýurdumyza ilkinji döwlet sapary bolmagynyň özboluşly manysynyň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz türkmen-täjik gatnaşyklarynyň esaslary barada aýtmak bilen, şol gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna we geljegine bolan garaýyşlar babatda bolşy ýaly, sebit we halkara ösüşleriniň ýagdaýy babatda hem özara düşünişmek bilen şertlendirilendigini nygtady.

Biziň ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak hem-de goldamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy hereket etmek, Owganystandaky ýagdaýlary düzgünleşdirmek, durnukly energetikany we ulag ulgamyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler boýunça umumy ýörelgeler bilen çykyş edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen-täjik syýasy gepleşiklerinde Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ýygjam hyzmatdaşlyk etmek möhüm ähmiýete eýedir. Biz möhüm halkara meseleleri boýunça ýakyn garaýyşda bolup, halkara derejede hereketlerimizi utgaşdyrýarys, birek-biregi goldaýarys, bu bolsa sebitde hem-de dünýäde anyk netijeleri gazanmaga we işleriň barşyna oňyn täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin sebit görnüşindäki gurama hökmünde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny (YHG) belläp geçip, Täjigistanyň ýylyň dowamynda meýilleşdirilen çärelere, şol sanda şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan YHG-niň 15-nji nobatdaky sammitine işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Häzir Türkmenistanyň we Täjigistanyň gatnaşyklary Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygy saklamak hem-de netijeli ösüş ýagdaýlar babatda esasy ugry emele getirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de iki ýurduň ýörelgeleriniň üýtgewsizdigini we yzygiderlidigini belledi.

Türkmenistan hem-de Täjigistan Respublikasy Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini, jedelli ýagdaýlara ýol berilmezligini, bar bolan hemme meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegini, hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyny, özara bähbitleriň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasyna daýanmak arkaly berjaý edilmegini we nazara alynmagyny üpjün edip biljek berk hem-de oňyn gurallaryň döredilmegi ugrunda pugta çykyş edýärler.

Diňe şeýle esasda, Merkezi Aziýa döwletleriniň depginli ykdysady ösüşiniň hem-de kämilleşmeginiň, biziň sebitimiziň köpugurly derejede halkara hyzmatdaşlyk etmäge öwrülmek mümkinçiliginiň boljakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu maksatlar bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýardam bermek, dawaly ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça netijeli gurallary döretmek, syýasy geňeşmeler görnüşinde sebit gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça başlangyçlary goldamak möhüm wezipe hökmünde görülýär.

Milli Liderimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijelidigine aýratyn ünsi çekip, syýasy gepleşikleriň şeýle görnüşiniň bäş döwletiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny nygtady. Ol durnukly ösüş, köptaraply gatnaşyklaryň netijeli usullaryny ýola goýmak, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda giň halkara hyzmatdaşlyk üçin özüne çekiji sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň dünýä möçberindäki ýagdaýlara goşulyşmagynyň örän möhüm we ähmiýetli usullaryny kemala getirmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmonyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň geçiriljek nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagynyň şeýle görnüşde gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli öňe ilerlemegine has-da uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Owganystandaky ýagdaýlaryň häzirki gepleşikleriň aýratyn meselesidigine ünsi çekdi. Häzir daşary ýurtlaryň harby bölümleriniň Owganystandan çykarylmagy bilen baglylykda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik gurallary döretmek baradaky mesele aýratyn möhümdir.

Şu işlerde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň eýeleýän orny örän ähmiýetlidir we gymmatlydyr. Biziň ýurtlarymyzyň owgan meselesi ugrundaky özara hereketleri Owganystandaky syýasy ýagdaýlary kadalaşdyrmak boýunça halkara tagallalary, onuň ykdysady we durmuş ulgamyny täzeden dikeltmek, Owganystany sebit we dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna giňden goşmak babatda uly peýda getirip biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de owgan meselesi boýunça ulgamlaýyn syýasy gepleşikleri alyp barmak maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny belledi.

Munuň özi häzirki wagtda, Owganystanda harby-syýasy ýagdaýlar ýitileşen döwründe aýratyn möhümdir.

Umuman, biz Owganystan bilen bagly meseleleriň çözülmeginde sebitdäki ýagdaýlaryň güýçlendirilmeginiň, ýagny Owganystanyň gönüden-göni goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň zerurdygyna ynanýarys. Türkmenistan sebitde örän wajyp durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň bar bolan mümkinçiliklerini hem-de çäk taýdan amatly ýerleşişini nazarda tutup, şol işlere Türkmenistanyň we Täjigistanyň has işjeň hem-de anyk gatnaşmagyny zerur hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň ekologiýa we tebigaty goramak meselesi boýunça gatnaşyklary ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, halkara derejede hem hyzmatdaşlyk etmek babatda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselelerini çözmek boýunça bilelikdäki işleri has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada aýtdy. Şu babatda iki ýurduň degişli düzümlerine 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awazada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny işläp düzmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrmak teklip edildi.

Mundan beýläk hereketi dowam etmek, bilelikde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, halkara jemgyýetçiligiň, ilkinji nobatda, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň mümkinçiligini doly peýdalanmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de hil taýdan ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Täjigistana möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garalýar. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz şu ýyl ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň belli bir derejede ösendigine garamazdan, umuman, biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady mümkinçiliginiň islenilýän derejä laýyk gelmeýändigini nygtady.

Soňky wagtlarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depginleriniň peselmegine uly sebäpleriň, anyk häsiýetli kynçylyklaryň, häzirki döwürde dünýädäki maliýe-ykdysady meseleleriň, şeýle hem koronawirus pandemiýasynyň sebitdäki ykdysady ýagdaýlara, şol sanda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady we üstaşyr ulag gatnaşyklaryna ýaramaz täsiriniň bolandygy aýdyňdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şu babatda döwlet Baştutanymyz işleriň emele gelen ýagdaýlaryna bilelikde düýpli we anyk seljerme geçirmegiň, doly derejeli hereket etmäge zyýan berýän päsgelçilikleri ýüze çykarmagyň hem-de aradan aýyrmagyň, mümkinçilikleriň doly derejede peýdalanylyp bilinjek anyk ugurlaryny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady.

Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun berilýär. Onuň işi iki ýurduň arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklaryň depginini artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň şu ýylyň 28-29-njy iýulynda Duşenbe şäherinde geçirilen 10-njy mejlisiniň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde möhüm ädim bolup hyzmat etjekdigine, geçirilen gepleşikleriň bolsa tiz wagtda aýdyň netijelerini berjekdigine berk ynam bildirdi.

Şeýle hem işewür jemgyýetçiligiň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmagyň, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramagyň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary hem-de ykdysady häsiýetli beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygy beýan edildi.

Biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleri depginli ösýär, önümçilige hem-de hyzmatlar ulgamyna bazar gurallary yzygiderli ornaşdyrylýar. Biz goňşulardyrys, şu babatda iki halkyň öňden gelýän we üstünlikli däpleri bar, adamlarymyz biri-birine örän oňat düşünýärler hem-de ynanýarlar. Şu mümkinçilikleri peýdalanmak, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, giňden gatnaşyklary alyp barmak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz birnäçe anyk başlangyçlary beýan edip, türkmen we täjik kompaniýalarynyň iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, iki ýurduň hojalyk edaralaryny özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işine has giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürler geňeşini döretmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk, dokma, derman senagaty hem-de oba hojalyk ulgamynyň önümleriniň, beýleki harytlaryň söwdasy babatda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ep-esli derejede giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Oba hojalyk pudagynda gatnaşyklar üçin uly mümkinçiligi göz öňünde tutup hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginlerini artdyrmak maksady bilen, oba hojalyk önümleriniň geljekde özara iberilmeginiň gurallaryny, şol sanda bu ugurda türkmen we täjik hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagyň usullaryny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Ulag we energetika ulgamlary hem, gürrüňsiz, häzir Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu babatda bilelikdäki taslama — Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýol ulag geçelgesi nusga alarlykdyr. Bu ýoluň ugry boýunça hem ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy gurulýar.

Biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada ýetilmegine gönükdirilip bilner we şoňa gönükdirilmelidir, şol maksat bolsa, Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly hem-de döwrebap düzümi döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek we Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýerleşen iki ýurduň çäk taýdan ýerleşişini amatly peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň iki ýurdy birleşdirip biljek Hazar deňzine çykalgasy boljak ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işe taýýardygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň strategik guşagyny döretmekde Hazar sebitiniň hem-de serhetdeş zolaklaryň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň eýeleýän möhüm orny bellenildi. Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk biziň sebitimiziň döwletlerine Ýewropanyň, Russiýanyň, Zakawkaziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna öz önümlerini eksport etmek üçin Gündogar Hazaryň port düzümleriniň kuwwatyny has doly peýdalanmagy zerur hasaplaýaryn. Türkmenistan amatly şertlerde Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny Täjigistanyň bähbitlerine peýdalanmagy ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Içerki sebit ulag gatnawlarynyň mümkinçilikleri hem doly peýdalanylmaýar. Bu ulgamda bilelikde birnäçe taslamalaryň amala aşyrylan mysallaryna garamazdan, Merkezi Aziýany döwrebap, utgaşykly, ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça alnyp barlan ulgamlaýyn işler barada aýtmak heniz ir. Bu taslamalar bilen ýakyndan meşgullanmak, ulag-üstaşyr geçelgelerini hem-de logistikany ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýollary has doly peýdalanmak üçin Türkmenistanyň çäklerini ulanmak arkaly Täjigistana hem-de Täjigistandan ýükleri ýerüsti ugratmak boýunça ýeňilleşdirmeleri girizmek baradaky meseläni jogapkär edaralara öwrenmegi tabşyrmagyň maksada laýykdygy barada hem aýtdy. Mundan başga-da, täjirçilik bähbitlerini nazarda tutup, iki döwletiň arasynda göni ýa-da üstaşyr howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri täzeden dikeltmegiň mümkinçiliklerine hem garamak teklip edildi.

Milli Liderimiz gatnaşyklary iki dostlukly halkyň taryhy arabaglanyşygyna esaslanýan medeni we ylmy ulgamlardaky türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna degip geçip, iki halkyň sungatyna we edebiýatyna örän uly özara gyzyklanmanyň bardygyny belledi hem-de däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin şertleri döretmegiň wajypdygyny nygtady.

Özara festiwallary hem-de Medeniýet günlerini guramak boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy we giňeltmegi dowam etmek, iki ýurduň döredijilik hem-de ylmy intelligensiýasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, amatly şertler bolanda, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiligine garamak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda yzygiderli amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekmek derejesine ýetmek bilen, göni aragatnaşyklary işjeňleşdirmegi, arheologiýa hem-de etnografiýa ulgamynda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri wagyz etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkin bolan bilelikdäki maksatnamalary barada oýlanyşmagy teklip etdi.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalar netijesinde, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokarlanýan ugur boýunça yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Biz öz gatnaşyklarymyzda hoşniýetli goňşuçylygyň asyrlardan bäri gelýän däplerine, taryhyň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygyna, täze wehimlere öz wagtynda we degişli jogap bermek üçin ysnyşykly gatnaşyklary hem-de tagallalary utgaşdyrmagy talap edýän häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryna düşünilmegine daýanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de şu günki duşuşygyň we üstünlikli gepleşikleriň türkmen-täjik gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylygyň, özara düşünişmegiň, deňhukuklylygyň hem-de özara hormat goýmagyň berk binýadynda guralýandygyny aýdyň görkezýändigini belledi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar anyk, düşnükli ýörelgelerde, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işinde bilelikdäki mümkinçiliklere düşünilmeginde ösýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de munuň şeýledigine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça gol çekmäge taýýarlanylan resminamalaryň uly toplumynyň hem şaýatlyk edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy hem-de özara düşünişmegi, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.

Täjik Lideri Emomali Rahmon dostlukly Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylyk hem-de bildirilen mähirli kabul edişlik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, bu saparyň geçen ýyl Täjigistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyndan soň, ýurdumyza özüniň ilkinji döwlet saparydygyny belledi hem-de gutlaglar we goldaw sözleri üçin sagbolsun aýtdy.

Prezident Emomali Rahmon milli Liderimiziň täjik-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygy barada aýdan sözlerini goldap, öz tarapyndan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de hut şeýle çemeleşmäniň iki doganlyk halkyň anyk maksatlaryny beýan edýändigini we olaryň düýpli bähbitlerine kybap gelýändigini nygtady.

Biziň häzirki duşuşygymyz iki ýurduň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçýändigi bilen ähmiýetlidir. Türkmenistan geçen ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazandy, doganlyk türkmen halkynyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar, Aşgabadyň keşbi düýpgöter özgerdi. Bu ähli gazanylanlar köp babatda Siziň parasatly baştutanlygyňyz we öňdengörüjilikli syýasatyňyz bilen baglanyşyklydyr diýip, täjik Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip aýtdy.

Prezident Emomali Rahmon döwlet Garaşsyzlygynyň öňde boljak şanly senesi mynasybetli Türkmenistanyň Baştutanyny we ähli doganlyk türkmen halkyny gutlap, garaşsyz ösüş ýolunda täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady guruldy. Şu gazanylanlara esaslanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirildi.

Taraplaryň tagallalary we umumy erki netijesinde, häzirki wagtda bize ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe wajyp meseleleri boýunça hil taýdan öňe ilerlemek başartdy diýip, täjik Lideri nygtady hem-de ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi.

Biz täjik-türkmen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna şunuň ýaly çemeleşmäni mundan beýläk-de goldarys diýip, Prezident Emomali Rahmon aýtdy hem-de iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman beýan eden netijeli teklipleri üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Täjigistanyň hem Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegine ruhubelentlik bilen garaýandygyny belledi.

Daşary syýasatyň bu ugry biziň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetlidir diýip, Emomali Rahmon nygtady hem-de häzir ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriň yzygiderli öňe ilerleýändigini, daşary syýasat edaralarynyň işjeň gatnaşyk edýändigini, iki ýurduň hökümetleriniň söwda-ykdysady gatnaşyklary öňe ilerletmegiň üstünde işleýändigini belledi.

Biz sebit boýunça beýleki goňşular ýaly, Türkmenistanyň hem ýakyn geljekde biziň ýurdumyzyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň hataryna girmegini çynlakaý maksat edinýäris diýip, täjik Lideri nygtady.

2021 — 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hökümetara maksatnamasyny, şeýle hem ýakyn iki ýyl üçin haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek babatda işleri örän çynlakaý guramak gerek, bu bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň hiline ýardam berer.

Dostlukly döwletiň Baştutany golaýda Täjigistanyň paýtagtynda täjik-türkmen hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigini ýatlady. Şol toparyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Biziň pikirimize görä, bilelikdäki senagat ulgamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilik bar. Biz ýeňil senagat ulgamynda tejribe alyşmak işini ýola goýmak ugrunda çykyş edýäris, türkmen işewürliginiň Täjigistanda hereket edýän pudaklaýyn kärhanalaryň binýadynda, şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde senagat we beýleki bilelikdäki kärhanalary döretmäge gatnaşmagy üçin olara hemme zerur şertleri döretmäge taýýardyrys diýip, täjik Lideri belledi.

Prezident Emomali Rahmonyň pikirine görä, ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Iki ýurduň çäk taýdan ýerleşişi we ýakynlygy bu ugurda gatnaşyklary giňeltmegiň tebigy ýagdaýlaryny talap edýär. Biz dostlukly Türkmenistanyň çäklerinden awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly halkara ýük daşalyşyny täzeden dikeltmäge hem-de onuň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirýäris.

Biz iki döwletiň howa giňişligini we çäklerini peýdalanmak bilen, göni hem-de üstaşyr howa uçuşlaryny täzeden dikeltmek barada ylalaşyga gelendigimize şatdyrys.

Täjigistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, oba hojalyk kärhanalarynyň, şol sanda ekerançylyk we maldarçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldap çykyş etdi.

Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk edilmegi ykrar edildi. Munuň şeýledigine medeniýet we sungat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň şu günki gol çekilýän hökümetara maksatnamasy şaýatlyk edýär. Nobat boýunça tertipde geljek ýyl Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek teklip edildi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jogap sapary meýilleşdirilýär.

Täjik tarapy iki ýurduň bilim ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini nazarda tutup, geljek ýyldan başlap, talyplary okatmak üçin Prezident derejesinde ýerleri özara bölüp bermek işini dikeltmäge taýýardygyny beýan etdi.

Saglygy goraýyş ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ykrar edildi, şunuň bilen baglylykda, lukmançylyk bilim edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy.

Täjigistanyň Prezidenti şeýle hem bilelikdäki taslamalary, senagat we obasenagat toplumyndaky bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan käbir sebitleriň kuwwatyny has işjeň peýdalanmalydygyny belledi. Şu gün gol çekilýän Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugt oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk munuň subutnamasy bolup biler.

Dostlukly döwletiň Baştutany soňky ýyllarda ýiti derejä ýeten sebit howpsuzlygy baradaky meselä degip geçip, ýagdaýlary seljermegiň sebitimizde esasy wehimleriň halkara terrorçylyk, ekstremizm, dini radikalizm we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyny goşmak bilen, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyk bolup durýandygyny belledi.

Täjigistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, ÝHHG-niň hem-de beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde gatnaşyklar ösdürilýär.

Biz köptaraplaýyn çäklerde, ilkinji nobatda, BMG-de özara başlangyçlary hem-de dalaşgärligi goldamak işini dowam etmek ugrunda çykyş edýäris diýip, Täjigistanyň Prezidenti nygtady hem-de BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmak üçin biziň ýurtlarymyzyň dalaşgärligini özara goldamak baradaky şu günki ylalaşyklaryň munuň aýdyň mysalydygyny belledi.

Şeýle hem täjik tarapy Täjigistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde türkmen dostlary bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge umyt bildirýär. Bellenilişi ýaly, başlyklyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazarda tutup, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Şeýle hem Emomali Rahmon 2025-nji ýyly Buzluklary goramagyň halkara ýyly diýip yglan etmek hem-de Buzluklary goramak boýunça ýörite Halkara gaznasyny döretmek baradaky Täjigistanyň başlangyjyny goldandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Başlygyň hormatly myhmany hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Liderleri bilen bilelikde bu abraýly guramanyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, 16-17-nji sentýabrda Duşenbede geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Emomali Rahmon çykyşynyň ahyrynda häzir täjik-türkmen gatnaşyklarynyň, hakykatdan-da, mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi üçin giň mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklaryna daýanyp, işjeň ösdürip, hemişe anyk ugurlara eýe bolmagyny maksat edinýäris diýip, täjik Lideri nygtady.

Prezident Emomali Rahmon bildirilen mähirli kabul edişlik we myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmen halkyna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelip görmäge çagyrdy.

Giňeldilen düzümdäki türkmen-täjik gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda ministrliginiň arasynda Türkmenistanda we Täjigistan Respublikasynda söwda öýlerini döretmek hakynda Ylalaşyga;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022-2023-nji ýyllarda haryt dolanyşygyny köpeltmek barada «Ýol kartasyna»; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda işewürler geňeşini döretmek hakynda Ylalaşyga; Önümçilik kooperasiýasy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda 2022 — 2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Demir ýol ulagy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýolagçylaryň we ýükleriň üstaşyr daşalmagy hakynda Ylalaşyga; Nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny ibermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Gurluşyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky neşe serişdelerine gözegçilik Agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Ahal welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugt oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 1999-njy ýylyň 30-njy dekabryndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda raýatlaryň birek-birege gitmekleri hakyndaky Ylalaşyga üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýýarlar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirlemek bilen, gepleşikleriň iki ýurduň gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçendigini aýratyn belledi.

Geçirilen duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň iki döwletiň bähbitlerine kybap gelýän ýakyn ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy, dürli ugurlarda türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygy bellenildi, şeýle hem geljekde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine uly üns berlendigini aýdyp, ýurtlaryň ikisiniň hem ähli halkara hem-de içerki dawalaryň diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly, halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna laýyklykda çözülmelidir diýen bir pikire uýýandygyny belledi.

Ýaragsyzlanmak, halkara terrorçylyga, serhetüsti guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleri çözmekde ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Baştutany gepleşiklerde Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara, sebit gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalara aýratyn ünsüň berlendigini belledi.

Şunda biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary aýdyň, üýtgewsiz we düýplüdir. Biz Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etjek mäkäm we netijeli gurallaryň döredilmegi, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň berkidilmegi, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy ugrunda çykyş edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, sebit gatnaşyklarynyň täze görnüşiniň — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Goňşy Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we täjik taraplarynyň owgan meseleleriniň çözgüdine çemeleşmeleriniň meňzeşdigini aýtdy.

Biziň ýurtlarymyzyň owgan babatdaky gatnaşyklary Owganystanda syýasy ýagdaýy kadalaşdyrmak, onuň ykdysadyýetini hem-de durmuş ulgamyny dikeltmek, goňşy ýurdy sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna giňden çekmek boýunça halkara tagallalara uly peýda getirmäge ukyplydyr. Halkara bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ylalaşdyryjylyk kuwwaty Owganystanda has işjeň we giňden ulanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, taraplaryň parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, durnukly ösüş hem-de onuň esasy bölegi — energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ýaly dünýäniň gün tertibiniň möhüm ugry boýunça tagallalary dowam etmek barada ylalaşandygyny habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika hem-de ulag-üstaşyr ulgamlarda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlara we tekliplere seretmäge taýýardyr.

Hususan-da, biziň ýurtlarymyz Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr hem-de logistika hyzmatdaşlygynyň strategik merkezini döretmek, sebit we dünýä meýdançalarynda, ýöriteleşdirilen halkara guramalarda, maliýe edaralarynda geljekki hyzmatdaşlar bilen işlemek boýunça tagallalaryny birleşdirerler diýip, milli Liderimiz belledi.

Gepleşiklerde ekologiýa meselelerine, hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini has-da berkitmek we kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Ol sebitiň möhüm düzümi bolup, Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegini ugur edinýär.

Bulardan başga-da, gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Biziň ýurtlarymyz haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryna çykmak üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Biz iki döwletiň eýe bolan şol mümkinçiliklerine laýyklykda, degişli ugurda özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi barada bir pikire geldik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň bu ugurda bilelikdäki tagallalaryň möhüm bölegi boljakdygyny aýtdy.

Taraplaryň özara söwdany giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, senagat, hyzmatlar we oba hojalyk pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çärelere seretmek barada ylalaşandyklary habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürlik birleşmeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Işewürler geňeşini döretmegiň mümkinçiligi öwreniler. Şeýle hem bilelikdäki işewürler maslahatlaryna, haryt öndürijileriň söwda-sergisini guramak boýunça meselelere seretmek barada ylalaşyldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede dowam etmegiň möhümdigini tassykladylar hem-de degişli ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmegiň, döwletleriň ikisinde hem edebiýat, kinematografiýa işgärleriniň, aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri yzygiderli geçirmek, sport ýaryşlaryny guramak üçin zerur şertleri üpjün etmegiň möhümdigini ylalaşdylar. Olaryň baş maksady ata-babalarymyzyň taryhy, ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamak we artdyrmak bolup durýar.

Biziň ýurtlarymyzyň baý medeni mirasyna bolan özara gyzyklanmany nazara almak bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Şeýle hem ylym we bilim ulgamlarynda iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny dikeltmek işinde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Biz Täjigistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýäris. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlarboýy dowam edýän hoşniýetli goňşuçylygyň däpleri, taryhyň, medeniýetiň, ruhy-gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär.

Täjigistan Respublikasy Türkmenistan üçin möhüm we ygtybarly hyzmatdaş bolup, onuň bilen gatnaşyklary biz uzak möhletleýin esasda guraýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Taraplaryň ikisinde hem iki döwletiň halklarynyň bähbidine alyp barýan köpugurly hyzmatdaşlygynyň olaryň bähbidine kybap gelip, sebit we halkara işleriň durnuklylygyna we ösdürilmegine ýardam edýär diýen düşünjäniň we ynamyň bardygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekilendigini aýtdy hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine hem-de onuň wekiliýetiniň agzalaryna geçirilen uly işler üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Täjigistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk barada iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Emomali Rahmon gepleşikleriň jemlerini teswirlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu sapar ýurtlaryň ikisi üçin hem möhüm wakanyň, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda amala aşyrylýar.

Täjigistanyň Baştutany Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň batly depginler bilen ösüşiniň, Aşgabadyň keşbiniň özgermeginiň gözli şaýadydygyny aýtdy. Ýurtda obasenagat toplumynyň, ýeňil we nebitgaz senagatynyň, beýleki durmuş-ykdysady ulgamlaryň kuwwaty artdy. Elbetde, şunda türkmen Lideriniň uly hyzmaty bardyr, ol öz halkynyň bähbidine ähli tagallalary edýär diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Prezident Emomali Rahmon pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny ýetip gelýän şanly sene bilen gutlady. Garaşsyzlygyň 30 ýylynda biziň ýurtlarymyz döredijilikli döwletara gatnaşyklarynda uly tejribe topladylar. Biz bu tejribä daýanmak bilen, strategik häsiýete eýe bolan täjik-türkmen gatnaşyklaryny has-da ilerletmegi maksat edinýäris diýip, Täjigistanyň Baştutany nygtady.

Şu gün geçirilen gepleşikleriň barşynda Strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we ony ösdürmegiň mümkinçiligine seredildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon döwletara gatnaşyklarynyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirýän resminamalaryň ähmiýetini belledi.

Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazandylar. Biz söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýalar pudaklarynyň ähli meseleleri boýunça ylalaşdyk.

Mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara söwdanyň möçberini we görnüşlerini artdyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar senagat pudagynda işlemek boýunça uly tejribäniň bardygyny belläp, ýeňil senagatda, hususan-da, dokma senagatynda, pagtany düýpli gaýtadan işlemek ugry boýunça tejribe alyşmak babatda ylalaşdylar.

Biz ykdysadyýetiň energetika we oba hojalygy ýaly esasy pudaklarynda gatnaşyklary giňeltmek barada pikirimizi beýan etdik diýip, Prezident Emomali Rahmon sözüni dowam etdi. Ulag-kommunikasiýalar pudagynda özara gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi, ol üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmak üçin mümkinçilikleri şertlendirýär.

Täjik tarapy degişli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagynyň döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň şerti bolup biljekdigine ynanýar diýip, dostlukly ýurduň Baştutany belledi.

Gepleşikleriň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi, ol iki halkyň arasyndaky ruhy hem-de medeni gatnaşyklary aýawly saklamaga we pugtalandyrmaga ýardam edýär. Ylym we tehniki, bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek, syýahatçylyk, sport hem-de ýaşlar syýasaty ugry boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Saglygy goraýyş ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi. Iki ýurduň saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň özara gatnaşyklary giňeldiler. Iki ýurduň hünärmenleri ýokanç keselleri anyklaýyş, öňüni alyş hem-de bejeriş babatda tejribe alyşmaga gönükdirilen taslamalary amala aşyrmaga girişerler diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi.

Şeýle hem iki döwletiň sebitleriniň kuwwaty işjeň ulanylar. Şu gün Sugt oblastynyň we Ahal welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda resminama gol çekildi.

Täjigistan hem-de Türkmenistan möhüm sebit we halkara işlerine gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda möhüm meseleler boýunça düýpli pikir alşyldy. Iki ýurduň agza bolup durýan halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary has-da berkitmegiň we tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Şeýle hem ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda BMG-niň hem-de onuň edaralarynyň eýeleýän ornuny berkitmegiň möhümdigi bellenildi. Täjigistan we Türkmenistan abraýly guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde biri-biriniň başlangyçlaryny goldamagy dowam etmek ugrunda çykyş edýärler.

Gepleşiklerde howanyň üýtgemegi hem-de buzluklaryň tiz eremegi bilen bagly meselä hem üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon 2025-nji ýyly «Buzluklary goramagyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hem-de Buzluklary goramak boýunça ýörite Halkara gaznasyny döretmek hakynda täjik başlangyçlaryny goldandygy üçin türkmen hyzmatdaşlaryna hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Taraplar howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meselelere aýratyn üns bermek bilen, halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşeleriň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygyna, bikanun migrasiýa hem-de halkara guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikirlerini beýan etdiler.

Owgan meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşylyp, bu ugurda ýurtlar umumy garaýyşlardan ugur alýarlar. Täjigistan hem-de Türkmenistan Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmäge ýardam etmek boýunça bilelikde hereket etmek ugrunda çykyş edýärler.

Şu günki gepleşikleriň jemleri döwletara hyzmatdaşlygynyň ýakyn geljegine ruhubelentlik hem-de ýagşy umyt-arzuwlar bilen seretmäge mümkinçilik berýär.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelmäge hem-de geljek aýda Duşenbe şäherinde geçiriljek ŞHG-niň sammitine hormaty myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Emomali Rahmon türkmen Liderini täjik topragynda garşylamaga şat boljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna mähirli kabul edilendigi we däbe öwrülen myhmansöýerlik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Gypjak obasyna bardy hem-de bu ýerdäki Aramgähe gül goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine bardy.

Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Milli gahrymanlarymyzyň — merdana Watan goragçylarynyň ýagty ýadygärligini ebedileşdiren “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dostlukly ýurduň Baştutany ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy hem-de Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler (turkmenistan.gov.tm)