TÜRKMEN HÜNÄRMENLERI DURMUŞ IŞI BOÝUNÇA KOLUMBIÝA UNIWERSITETINIŇ BILERMENLERINDEN SAPAK ALÝARLAR

Aşgabatdan we ýurduň beýleki sebitlerinden mugallymlaryň hem-de hünärtmenleriň 30-dan gowragy durmuş işi boýunça Kolumbiýa uniwersitetiniň bilermenlerinden sapak aldylar.

Kolumbiýa uniwersitetiniň ýanyndaky durmuş gulluklarynyň işgärleriniň ygtybarlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça Durmuş işi mekdebiniň (Columbia University School of Social Work) onlaýn-treningi ÝUNISEF-iň Ýurt edarasy Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-nyň Bilelikdäki «Bileleşikler derejesinde inkluziw hilli durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» maksatnamasynyň çäklerinde, DUM-niň Bilelkdäki gaznasynyň maliýeleşdirmeginde guraldy. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.

Ýedi günüň dowamynda olar hünär etikasy, durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça bilimlerini artdyrdylar, şeýle hem durmuş üpjünçiligi babatda bilimi ösdürmek bilen meşgullanýan durmuş işi mekdepleriniň Halkara assosiasiýasy (IASSW), şeýle hem durmuş işgärleriniň Halkara federasiýasy ýaly durmuş işine çekilen halkara düzümleriniň işi bilen jikme-jik tanyşdylar.

Oňa gatnaşanlaryň ýurduň ýokary bilim ulgamyna durmuş işi hünärini ornaşdyrmak boýunça işe öz goşandyny goşmagyna we ýerli derejede inklýuziw we ýokary hilli durmuş hyzmatlarynyň durnuklylygyna goldaw bermeklerine garaşylýar.

Kolumbiýa uniwersitetiniň ýanyndaky durmuş işi mekdebi 1898-nji ýylda ABŞ-da döredilen ilkinji durmuş işi ýokary mekdebidir. Okuw jaýynyň maksatnamalarynyň ählisinde öz töweregini oňyn özgertmelere ruhlandyryp we olary döredip bilýän ýolbaşçylary taýýarlamak maksady bilen ýolbaşçylyk başarnyklary kämilleşdirilýär.

 Aýjahan Ataballyýewa

Türkmen hünärmenleri durmuş işi boýunça Kolumbiýa uniwersitetiniň bilermenlerinden sapak alýarlar (turkmenistan.gov.tm)