MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERI ULAG WE SÖWDA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YLALAŞDYLAR

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçünji Konsultatiw duşuşygyň barşynda ulag we söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ylalaşdylar.

Bu barada sammitiň jemleri boýunça KHS-niň wekilleri üçin metbugat maslahatynda wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow habar berdi.

Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň Prezidentleriniň öz çykyşlarynda Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmegiň zerurlygy barada jime-jik gürrüň edendiklerini belledi. Hususan-da, Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrirlenen ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça anyk meýilnamalary düzmäge girişmegiň zerurlygyny nygtady.

R. Meredowyň aýtmagyna görä, bu maksatlar üçin hökümet derejesinde Günorta Ýewropa çykýan Merkezi Aziýa – Hazar we Gara deňzi sebiti, şeýle hem Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar ugurlary boýunça täze ulag-kommunikasiýa geçelgelerini kemala getirmek mümkinçiligini öwrenmek babatda bäştaraplaýyn iş toparyny döretmek teklip edildi.

Ministr Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabadyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň bähbitlerine Hazar deňzindäki port kuwwatlyklaryny bermäge taýyndygyny tassyklandygyny nygtady.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy sammitde durmşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan anyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýtdy.

«Hususan-da, Hytaýy, Gyrgyzystany Özbegistan bilen birleşdirýän awtoulag we demir ýollarynyň böleklerini işjeň gurmagyň zerurlygy nygtaldy. Şeýle hem Gazagystany Özbegistan we Gyrgyzystan bilen birleşdirýän taslamalar bellenildi» -diýip diplomat aýtdy.

Şeýle hem R. Meredow sebit söwdasyny ösdürmek maksady bilen türkmen tarapynyň Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam etmek boýunça Işewür geňeşi döretmek barada başlangyjy öňe sürendigini habar berdi.

Merkezi Aziýa döwletleri ulag we söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ylalaşdylar (turkmenistan.gov.tm)