SÜLEÝMAN ILAMANOW: BEÝIK EÝÝAM BILEN AÝAKDAŞ BARÝAN ŞAHYR
Süleýman Ilamanow Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda, watançy-şahyr Seýitnazar Seýdiniň obasynda doglanyna buýsanýar. Öz deň-duşlaryndan diňe edebiýata höwesi bilen tapawutlanan oglanjyk ilkinji goşuglaryny etrap, soňra merkezi gazetlere iberýärdi, sada, ýöne watanperwerlige ýugrulan şygyrlar gazetlerde çap edilýärdi.
Mekdebi tamamlansoň Süleýman Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girmegi niýet edinýär. Şol ýyl okuwa gelenler kändi, şonda-da, belki, goşgulary kömek edendir, ony okuwa kabul edýärler.
Zähmete werziş Süleýman okuwdan soňam kitaphanalara gidip, ýewropa we gündogar, türkmen nusgawy edebiýatyny köp okaýardy.
Onuň ýazýan goşgulary merkezi gazetlerde çykýardy. Onuň goşgularynda ýokary mekdebiň, töwereginiň täsiri duýulýardy.
Ol belli kyssaçy we dramaturg Kömek Kulyýew, « Aşgabat» gazetiniň işgäri Güljahan Şahberdiýewa bilen bile okady.
Uniwersiteti tapawutlanyp tamamlan Süleýmana kafedrada galmagy teklip etdiler, ýöne ol dogduk ilinde mugallymçylyk etmegi ýüregine düwdi. Ilki Halaç etrabynyň obalarynyň birinde türkmen dili we edebiýatyndan, soňra Çärjewiň (häzirki Türkmenabadyň) demir ýol orta hünär okuw mekdebinde, şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda sapak berýär. Nirede işlese-de, goşgy ýazmasyny goýmaýar.
Mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Halyl Kulyýew oňa redaksiýada işlemegi teklip edýär. Ol «Ýaş kommunist» ( häzirki «Watan» ) gazetinde habarçy bolup işe başlaýr, soňra «Halk sesi», ahyrsoňy hem «Edebiýat we sungat» gazetine işe gelýär, ol indi 30 ýyl bäri bu ýerde işläp gelýär.
Sarpaly mugallymy, edebiýat taryhyndan sapak beren Halyl Kulyýew Süleýmanyň ýakyn dostuna öwrüldi. Halyl Kulyýew ajaýyp şahyrdy, onuň lirikasyny köplenç Ýeseniniňkä deňärdiler. Ýöne ol öz döredijiligine zabundy, şonuň üçinem az, ýöne gözel ýazardy. Gurbannazar Ezizowam onuň gowy görýän talyby, soňra dosty bolupdy. Süleýman «Edebiýat we sungat» gazetinde Gurbannazar Ezizowy görüpdi, ýöne şahyryň ir aradan çykmagy zerarly onuň bilen dostlaşyp ýetişmändi.
Terjimeçi şahyrlar Mämmet Seýidowyň, Annaberdi Agabaýewiň we Annaly Berdiýewiň maslahaty bilen Süleýman ýewropa nusgawy edebiýatynyň, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň şahyrlarynyň eserlerini terjime edip ugraýar. Süleýman indi halypalaryny söýgi bilen ýatlaýar.
Süleýman Ilamanow Garaşsyzlyk eýýamynyň şahyry, ol bu eýýamyň onuň şahyr, žurnalist we ýazyjy hökmünde kemala gelmegine uly täsir edenligini buýsanç bilen aýdýar. Ýurdumyzdaky belent özgertmeler ony döredijilige ruhlandyrýar. Onuň watanperwer goşgulary ýygyndylara girizilýär, radioda we telewideniýede ýaňlanýar. Süleýmanyň kiçeňräk hekaýalary boýunça medeniýet institutynyň talyplary çeper filmleriň birnäçesini surata düşürdiler. Süleýman Ilamanowyň «Bagtly çagalyk», «Bagtyýar çagalyk»,«Awazanyň kenarynda» goşgulary ýurduň çagalar hor toparlary üçin ýazylypdy.
Ol ençeme gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, «Gaýrat» medaly, Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy ýubileý medaly bilen sylaglandy.
Tamara Glazunowa
Surata düşüren: Ýuriý Şkurin
Süleýman Ilamanow: beýik eýýam bilen aýakdaş barýan şahyr (turkmenistan.gov.tm)