Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministri Fuad Muhammed Huseýn bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde iki döwletiň ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanar.