AWAZADA GURALAN SEBIT FORUMLARY DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen häzirki döwrüň sebit we ählumumy möhüm meselelerini çözmekde düýpgöter täze, toplumlaýyn, giň gerimli çemeleşmeleri, täzeçil taglymlary öňe sürýän ýurt hökmünde umumy ykrar edilen belent derejesini ýene bir gezek tassyklady.
Dünýä bileleşiginiň işlerine örän işjeň gatnaşýan hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy öňe sürýän milli Liderimiziň bu başlangyçlary boýunça işlenip taýýarlanylan oňyn daşary syýasat strategiýasy tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Ol geosyýasy deňagramlylygyň, tutuş sebitde we dünýäde howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.
Ýurdumyz soňky ýyllarda iri halkara maslahatlaryň, forumlaryň hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilýän, umumadamzat ösüşiniň esasy meseleleri boýunça netijeli pikir alşylýan açyk meýdança öwrüldi, iri habarlar agentlikleriniň okyjylarynyň ünsüni özüne çekmekde uly orna eýe bolýar.
Bu günler dünýä metbugaty işewür toparlaryň we syýasatçylaryň, şeýle hem millionlarça adamlaryň ünsüni Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de Milletler Bileleşigi tarapyndan goldanylan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň möhüm wakasyna çekdi.
Elbetde, gürrüň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 6-njy awgustda Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy barada barýar.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, şonuň ýaly-da, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forum milli Liderimiziň sebit boýunça goňşy döwletler bilen ählitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek maksadyna gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklady. Sebit boýunça goňşy döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny köp asyrlyk dostluk gatnaşyklary, medeni we ruhy däp-dessurlaryň umumylygy baglanyşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly köpugurly mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak bilen, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ulgamlaýyn, oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Şol mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi bolsa umumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine kybap gelýär.
Ýokary tehnologiýalaryň ösen döwründe iň giň okyjylar köpçüligine eýe bolan elektron neşirleriň hem-de meşhur internet saýtlarynyň aglabasynda maslahatyň gün tertibine Merkezi Aziýa sebitinde dürli ugurlarda, ilkinji nobatda bolsa, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini öz içine alandygyny habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli duşuşykda çykyş edip: “Biz şu günki duşuşygyň sebit hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagy ugur edinip, bu babatda has işjeň, salgyly ädimler üçin şertleri üpjün etjekdigine, Merkezi Aziýa sebitiniň kontinental we global işlere netijeli gatnaşmagynyň kuwwatly şertine öwrüljekdigine umyt edýäris” diýip belledi.
Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Baştutanynyň sözlerine salgylanmak bilen, sebitiň ýurtlary özara gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, doganlygyň hem-de halklaryň medeni-siwilizasiýa ýakynlyklaryna daýanýandygyny, bu berk binýadyň bolsa geljege ynamly garamaga, birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giň möçberli, uzakmöhletleýin esasda guramaga mümkinçilik berýändigini belleýärler.
Awazada geçirilen çärelere çagyrylan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň metbugat gulluklarynyň hem-de “RIA Novosti”, “France-Presse”, “Associated Press” we beýleki iri daşary ýurt habarlar agentlikleriniň žurnalistleriniň habar bermekleri bilen, milli Liderimiziň we onuň ýokary derejeli kärdeşleriniň çykyşlaryndan parçalar bada-bat dünýäniň habarlar giňişliklerine ýaýyldy.
Hormatly Prezidentimiz nobatdaky konsultatiw duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, ýokary döwlet derejesindäki syýasy gepleşikleriň bu täze görnüşiniň döwrüň wajyp talabydygyny, onuň ynanyşmak we işjeň ýagdaýda Merkezi Aziýa sebitiniň has möhüm meseleleri boýunça özara kabul ederlikli, bilelikdäki çözgütleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de kabul etmäge mümkinçilik berýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz bäş ýurduň Hökümetlerine ozal geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mazmunyna düýpli seljerme geçirmegi, orta möhletli döwre niýetlenen bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek “Ýol kartasyny” işläp düzmegi hem-de kabul etmegi tabşyrmagy teklip etdi.
Milli Liderimiziň bu teklibi iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaýradan köp sanly makalalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Dünýä metbugaty Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), “Türkmenistan şu gün”, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar saýtlarynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary birleşdirmegiň hem-de bähbitleriň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellän taraplaryna ünsi çekdi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolan energetika şularyň iň wajyplarynyň biridir. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen ykdysady ösüşiň möhüm ýagdaýy hökmünde energiýa serişdelerini ibermegiň ygtybarlylygy, durnuklylygy hakyndaky teklipleriniň birnäçe gezek we biragyzdan goldanylmagy munuň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşykdaky çykyşynda: “Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň işjeň we doly görnüşde gatnaşmagy arkaly amala aşyrylmagynyň zerurdygy, bu hyzmatdaşlygyň, sebitiň içinde bolşy ýaly, daşarky çäkleri boýunça hem kuwwatly energetika düzümini döretmäge gönükdirilmelidigi aýdyňdyr” diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna özara bähbitli şertlerde ýa-da olaryň çäkleriniň üsti bilen daşarky bazarlara öz tebigy gazynyň iberilişiniň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.
“Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryna elektrik energiýasyny hem-de tebigy gazy ibermegi ep-esli artdyryp biler” diýen sözbaşy astynda “Trend” habarlar agentligi hem-de Arkalaşygyň çäklerinde meşhur bolan “SNG.TODAY” elektron neşiri öz makalalaryny ýaýratdylar.
Milli Liderimiziň ulag düzümini ösdürmekde sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň wajyp ugry hökmünde kesgitleýän täze teklipleri uly oňyn seslenme döretdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany ýurtlarymyzyň, şeýle hem Merkezi Aziýanyň, Ýewraziýa yklymynyň beýleki sebitleriniň arasynda ýük we ýolagçy gatnawy üçin amatly şertleri döretmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini berk ynam bilen aýtdy. Milli Liderimiziň pikirine görä, bu wezipe «Günorta — Demirgazyk» we «Gündogar — Günbatar» ugry boýunça bar bolan ugurlary netijeli ulanmak, täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek babatyndaky strategik maksada ýetmäge gönüden-göni gönükdirilendir. Olarda Merkezi Aziýa möhüm birleşdiriji halka bolup çykyş edýär.
Dünýä metbugatynyň belleýşi ýaly, toplanan bilelikdäki iş tejribesini ulanmak arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrirlenen ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça anyk meýilnamalary düzmäge girişmek teklip edildi.
Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan özüniň Hazar deňzindäki port kuwwatlyklaryny sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerine ulanmaga taýýardygyny tassyklady hem-de hökümet derejesinde Günorta Ýewropa çykmak bilen Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňzi sebiti, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugurlary boýunça täze ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça Hökümet derejesindäki bäştaraplaýyn iş toparyny döretmegi teklip etdi.
Şu gezekki duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, doly derejeli söwda-ykdysady gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, onuň giňeldilmegi hem-de hil taýdan täzelenilmegi möhüm wezipe bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz bu wezipäniň yzygiderli esasda oňyn çözgüdini tapmagyň ýollaryny gözleýän bäştaraplaýyn iş toparynyň döredilmeginiň maksadalaýyklygy baradaky pikiri aýdyp, hususan-da, Merkezi Aziýada ykdysady hem-de telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürlik geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi.
Daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde, şol sanda barha meşhurlyga eýe bolýan “Turkmenportal” hem-de “Arzuw News” saýtlarynda türkmen Lideriniň täze möhüm başlangyçlarynyň giňden beýan edilmegi şol başlangyçlaryň örän möhümdiginiň, döwrüň talabyna laýyk gelýändiginiň subutnamasydyr.
Metbugat we internet neşirleriniň köp sanlysy goňşy Owganystandaky ýagdaýyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ara alyp maslahatlaşan möhüm meselesi bolandygyny bellediler. Russiýa Federasiýasynyň “RIA Novosti” habarlar agentliginiň ýokary derejeli foruma gatnaşyjylaryň çykyşlaryna salgylanyp belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi köp babatda Owganystandaky ýagdaýyň syýasy ýollar arkaly kadalaşdyrylmagyna baglydyr.
“Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Owganystanda tizden-tiz parahatçylygy üpjün etmäge ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler” diýip, “TASS” habar berdi.
Russiýa Federasiýasynyň ýene bir iri habarlar agentligi “Interfax”, öz nobatynda, pandemiýa garşy göreşde sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň forumyň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biri bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentleriň täze görnüşli ýokanjyň gelip çykyş tebigatyny öwrenmek babatynda bilelikdäki barlaglary, şeýle hem ýokanç keselleri bejermegiň, olaryň öňüni almagyň täze usullarynyň işlenip taýýarlanylmagyny hem-de ornaşdyrylmagyny höweslendirmek barada ylalaşyga gelendikleri nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ýurtlarynyň lukmançylyk bileleşikleriniň arasynda ylmy diplomatiýa gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi, koronawiruslaryň gelip çykyş tebigatyny we olar zerarly ýüze çykýan keselleriň täze görnüşlerini içgin öwrenmäge girişmegi teklip edip, Epidemiologiýa, wirusologiýa, bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Bu başlangyç sebitiň döwlet Baştutanlarynyň goldawyna eýe boldy.
Halkara bilermenler döwlet Baştutanymyzyň adamzadyň öňünde durýan möhüm ekologik meseleleri çözmek, Merkezi Aziýada ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatyndaky tekliplerine hem oňyn baha berdi. Şunda, ilkinji nobatda, gürrüň Aral deňzini halas etmek, ýerleriň şorlaşmagyna, çölleşmegine garşy göreşmek, buzluklary saklamak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak barada barýar.
Daşary ýurtlaryň meşhur neşirleriniň ählisi diýen ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biziň birek-birek bilen habarlaşyp, özara bähbitleri nazara almagyň esasynda, hoşniýetli goňşuçylygyň, hormat goýmagyň köpasyrlyk tejribesine, egsilmez ynsanperwer, adamçylyk gatnaşyklaryna, medeniýetiň, diniň, däp-dessurlaryň umumylygyna daýanyp, öz ýörelgelerimizi açyk we ynanyşmak bilen beýan edip, çözüp bilmejek meselämiz ýokdur” diýen sözlerini mysal getirdiler.
Halkara synçylar Türkmenistanyň öňe süren teklipleriniň sebitiň döwletleri tarapyndan goldanyp, onuň bar bolan meseleleri ýakyn wagtda durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny bellediler.
TURKMENISTAN.RU meşhur internet gazeti: “Konsultatiw duşuşykda çykyş eden Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bildirilen myhmansöýerlik, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirdiler hem-de bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler” diýip ýazýar.
Şeýle hem köp sanly internet serişdeleri 2022-nji ýylyň Merkezi Aziýa döwletleriniň BMG-ä agza bolmagynyň 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçjekdigini belläp, şu döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşandyklaryna, şeýle hem ähmiýetli başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürendiklerine ünsi çekýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede geçirilen duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Germanyň gatnaşmagynyň ähmiýetli bolandygy nygtaldy.
Duşuşykda eden çykyşynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Merkezi Aziýa aýratyn üns berýändigini we sebitleýin hyzmatdaşlyga bolan üýtgewsiz meýilleriň tassyklanmasy bolan bu duşuşygy goldaýandygyny nygtady.
“BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi şu günki duşuşyga sebit hyzmatdaşlygynyň hem-de raýdaşlygyň meýillerini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda aýgytlaýjy ädim hökmünde garaýar” diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German nygtady we Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň sebit merkeziniň sebiti ösdürmegiň möhüm ugurlaryna, forumyň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütlere hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Köp sanly elektron neşirler, hususan-da, GDA-nyň “Goşulyşmak giňişligi” internet-portaly Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamany kabul etmegi bilen tamamlanandygyny, onda energetika, söwda, logistik gatnaşyklar babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we sebitde COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Bu gezekki duşuşygyň biziň döwletlerimiziň we olaryň Baştutanlarynyň anyk netijeleri gazanmak ugrunda bileleşip hereket etmäge bolan syýasy erkini, gyzyklanmalaryny, anyk hereketlerini ynamly tassyklady” diýen sözlerini mysal getirdiler.
“MIR 24” internet saýty ýokary derejede geçirilen duşuşygyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň “Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň” ilkinji eýesi bolandygyny nygtadylar. Täjigistanyň Baştutany bu sylagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara giňişlikde bilelikdäki bähbitleri we başlangyçlary öňe ilerletmeginde bitiren hyzmatlary üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda ýerleşdirilen habara salgylanyp, halkara synçylar Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça metbugat maslahatlaryny geçirendiklerini habar berdiler.
Ýokary derejede geçirilen konsultatiw duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Merkezi Aziýa sebitiniň döwlet Baştutanlarynyň öňe süren netijeli teklipleriniň hem-de başlangyçlarynyň Merkezi Aziýada syýasy durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň wajyp, üýtgewsiz şerti bolan sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi gürrüňsizdir.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şol gün geçirilen halkara ähmiýetli möhüm wakalar dünýä metbugatynda giň seslenmä eýe boldy. Olaryň hatarynda sebitiň ýurtlarynyň wekilleriniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG ÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin Býurosynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy bar.
Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň foruma gatnaşyjylara iberen Ýüzlenmesinde zenanlaryň maşgala ojagynyň eýesi, milli däp-dessurlary dowam etdiriji, Merkezi Aziýanyň halklarynyň medeni we ruhy mirasyny ýaş nesillere geçiriji, şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik durmuşynyň esaslarynyň ösdürilmegine, berkidilmegine işjeň gatnaşyjy hökmündäki ornuna ýokary ähmiýet berilýär.
Halkara synçylar BMG-niň wekilleriniň Merkezi Aziýa döwletlerine milli başlangyçlary we oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde goldaw bermäge taýýardyklaryny nygtadylar. Olar dialogyň jemleri boýunça teklipleriň BMG ÖM-niň ýakyn ýyllar üçin bu mesele boýunça Strategiýasyny taýýarlamakda ähmiýetli boljakdygyny bellediler.
Bu gezekki duşuşygyň Ählumumy gün tertibiniň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” wezipesini, diňe bir adamyň esasy hukuklarynyň biri däl, eýsem, ösüşiň, durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde kesgitlenen gender deňligini üpjün etmek kesgitlenen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibi we Birleşen Milletler Guramasynyň goldamagynda kabul edilen köptaraply halkara resminamalary amala aşyrmagyň bähbidine sebitleýin gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrülendigi bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, forumyň jemleri boýunça Jarnama kabul edildi. Onda zenanlaryň döwlet durmuşynyň syýasy, durmuş-ykdysady ugurlaryna gatnaşygyny giňeltmek üçin milli we sebitleýin derejelerde kabul edilmegi zerur bolan teklipler, çäreler kesgitlenildi.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna bagyşlanan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy wajyp çäre hökmünde dünýäde uly gyzyklanma döretdi. Onuň dowamynda taraplaryň sebitleýin giňişliklerde söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet hem-de hususy kärhanalarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilendigini bellemek gerek. Şolaryň dowamynda anyk taslamalar babatda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen oba hojalyk, azyk senagaty önümlerini, plastik turbalary, dürli polimer önümlerini ibermek, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan eksport-import şertnamalarynyň 74-sini, hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklary baglaşdylar.
Şeýle hem taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner, multimodal ýük gatnawlary, senagat, nebitgaz, elektroenergetika ulgamlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi.
Dünýä metbugaty konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylaryň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz menzilinde ýaýbaňlandyrylan Halkara sergisine baryp görmeklerine möhüm ähmiýet berdi.
Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly žurnalistler döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýän we Ýewraziýa giňişliginde ýük gatnatmak üçin täze mümkinçilikleri açýan Türkmenistanyň esasy deňiz portuna möhüm ähmiýet berdiler.
Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belleýişleri ýaly, bu giň möçberli çäreler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň möhüm pudaklarynyň ýeten derejesini, gazanýan üstünliklerini, şeýle hem sazlaşykly ykdysady ösüşini, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezdi.
Hormatly myhmanlar forumyň guramaçylyk derejesine, onda häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylyşyna ýokary baha berdiler. Ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanda täzeçil ösüş ugruna möhüm ähmiýet berilýär.
Hazaryň kenarynda geçirilen beýleki wajyp çäreler, şol sanda sahawatyň, açyklygyň, berekediň nurana baýramy hökmünde ýatda galan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly sebitiň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy, olaryň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň giňden wagyz edilmegi üçin oňyn mümkinçiliklere öwrüldi.
Birnäçe makalalar sebitiň ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konsertine bagyşlanypdyr. Dünýä metbugaty türkmen sungat ussatlary bilen bir hatarda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň belli artistleriniň gatnaşmagynda gadymy Hazaryň kenarynda geçirilen uly döredijilik baýramçylygynyň ýokary derejeli çäreleriň jemlenmesi, onuň dabaralanmagynyň nyşany bolandygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Bagt nury” atly aýdymynyň konsertiň bezegi bolandygy buýsançly ýagdaýdyr.
Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýradylan syn beriş makalalarynda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebitiniň döwlet Baştutanlary mähirli kabul edilendikleri, görkezilen myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen şu gezekki duşuşygyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän şunuň ýaly giň möçberli çäreleri şol bir wagtda guramak ýaly iş tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygy baradaky pikiri aýtdylar.
Awazada guralan sebit forumlary dünýä metbugatynyň sahypalarynda (turkmenistan.gov.tm)