COVID-19 ÝOKANJYNDAN SANJYMYŇ ELÝETRLILIGINI ÝOKARLANDYRMAK ÜÇIN ÄHLUMUMY TAGALLALAR
Esay halkara düzümleri – Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky Topary, Bütindünýä saglgy goraýyş guramasy we Bütindünýä söwda guramasy köptaraplaýyn maliýe we söwda çözgütlerini ulanmak arkaly COVID-19 ýokanjyndan sanjymlaryň, terapewtiki we anyklaýyş serişdeleriň elýetliligini çaltlandyrmak üçin tagallalaryny birleşdirýärler.
Bilelikdäki başlangyjyň maksady – 2021-nji ýylyň ahyryna her ýurtda adamlaryň azyndan 40% we 2022-nji ýylyň ortasyna azyndan 60% sanjym etmekdir. Onuň çäklerinde COVID-19 ýokanjyndan sanjymlaryň terapewtiki we anyklaýyş serişdeleriň eltilişine hökümetler hem-de ählumumy we ýerli derejelerinde gözegçilik ediler, utgaşdyrylar.
Hatarynda bilermenler bolan maksatlaýyn topar sanjymlaryň terapewtiki we anyklaýyş serişdeleriň maliýeleşdirilişindäki kemçiliklere gözegçilik edip, olary düzetmek boýunça maslahatlar bererler. Topar olary eksport we import etmekde päsgelçilikleri aradan aýyrmak arkaly COVID-19 ýokanjyndan sanjymlaryň öndürilişini we iberilişini artdyrmaklygyň wajyplygyny goldaýar. Meselem, önümçilik mümkinçiligini maliýeleşdirmek we güýçlendirmek üçin bileleşik dörediler. Bilermenler 2021-nji ýylyň dowamynda ösýän ýurtlara 1 milliard sanjymlary bermäge çagyrýarlar.
Topar ýurduň sanjymlara taýýarlygy, talaplary, şertnamalary we iberilişi barada maglumatlary alşar.
Aýjhan Ataballyýewa