TÜRKMEN ÇAGALAR WE ÝAŞLAR DÖREDIJILIK TOPARLARY “SERHETSIZ DÖREDIJILIK” ATLY HALKARA FESTIWAL-BÄSLEŞIGINE GATNAŞMAGA TAÝÝAR
GDA agza ýurtlaryň 2021 – 2022-nji ýyllar üçin ynsanperwer hyzmatdaşlygy ugrundaky ileri tutulýan çäreleriň sanawyna, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Bilim ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 20-nji iýulyndan 10-njy noýabry aralygynda “Serhetsiz döredijilik” atly Çaga döredijiliginiň açyk festiwaly, festiwalyň çäginde bolsa “Serhetsiz döredijilik” atly VII Halkara bäsleşigi geçiriler.
Bäsleşigi geçirmegiň maksady çagalar we ýaşlar üçin döredijilikli aragatnaşyk gurmak, täze zehinleri ýüze çykarmak, dürli ýurtlaryň milli medeniýetiniň we sungatynyň nusgalary bilen tanyşmak; çagalar we ýaşlar döredijilik toparlarynyň ösmegine goldaw bermekdir.
-Festiwal-bäsleşige gatnaşmak dürli ýurtlardan gelen çagalaryň we ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary, bilim we medeni hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýär – diýip, Halkara festiwal-bäsleşigiň guramaçylary aýdýarlar.
Bäsleşige sungat toparlary, şol sanda Türkmenistandan hem çagalar we ýaşlar döredijilik toparlary we 6 ýaşdan 25 ýaş aralygyndaky ýekelikde ýerine ýetirijiler gatnaşyp bilerler.
Döredijilik toparynyň düzümi 12 adamdan köp bolmaly däldir.
Festiwal-ýaryşyň şertleri we düzgünleri bilen Çagalaryň we ýaşlaryň çeper döredijilik milli merkeziniň saýtyndaky “Serhetsiz döredijilik” bölüminde jikme-jik tanşyp bilersiňiz.
Taýýarlan: Janmämmet Gulamow