USSAT NAKGAŞLARYŇ SERGISI
Şekillendiriş sungaty müzeýinde deň-duş nakgaşlaryň ikisiniň – Jumadurdy Bekdurdyýewiň we Robert Hakimowyň işleriniň sergisi açyldy. Olaryň ikisi hem 1941-nji ýylda doglan.
Bu zehinli nakgaşlaryň döredijiligine uly üns berilýär. Olaryň ikisem Türkmen döwlet çeperçilik üçilişesinde şol bir mugallymdan tälim aldylar. Olar öz döwrüniň, olary belli bir çäkde saklan sosrealizm ugrunyň güýçli wekilleridir.
Sergi Jumadurdy Bekdurdyýewiň awtoportretinden başlanýar. Tomaşaçylara onuň türkmen halky bilen aýrylmaz baglanşygyň nyşany bolan egni gyzyl köýnekli ýaş ýigit seredip dur.
Maldarlar Jumadurdy Bekdurdyýewiň suratlarynyň köpüsiniň gahrymanydyr. “Gyrkymçylar” suratynda, göräýmäge ýönekeý ýaly bolsa-da , düýe gyrkymy barada gürrüň berilýär. Ol bu ýönekeý işi ýokary çeperçilik bilen beýan edipdir.
“Güzer” suratynda dowarlaryň suwa ýakylşy üýtgeşik reňklerde berilipdir. Hakyky türkmen hökmünde ol çagalar temasynyň deňinden geçip bilmeýär. Onuň “Maşgala”, “Aşyk oýuny” ýaly işleri Jumadurdy Bekdurdyýewiň döredijiligine mahsus usulda özboluşly şekillendirilýär.
Robert Hakimow Jumadurdy Bekdurdyýewden tapawutlylykda şäherli nakgaş. Şeýle bolsa-da, ol çöldäkileriň teşneligini gandyrýan keýik okarany şekillendirmän bilmändir. Nakgaş köplenç natýurmortlary çekipdir. Mysal üçin, “Mämmet Mämmedowyň ýagty ýadygärligine” atly işinde kitap natýurmortyň esasy predmetidir.
Ol “Garrylyk” atly suratynda lagar düşen agajy çekipdir, ýöne onuň töweregindäki gülgüne we mawy ýalpyldylar bir wagtlar daragtyň ajaýyp durmuşda ýaşandygyny ýatladýar.
Çeperçilik akedimiýasynyň talyplaryna bu sergi çotgajyk ussadyň eline düşende beýleki ugurlaryň elementleri bilen utgaşyklylykda realizmiň hem ajaýyp netije berýändigi barada görkezme esbabydyr.
Tamara Glazunowa
Surata düşüren: Ýuriý Şkurin