“GÜNDOGAR ŞÖHLESI” HJ-NIŇ TÄZE ÖNÜMI

Ýurdumyzyň mekdep bazarlaryna topukçaly syýagalamlaryň täze görnüşleri satuwa çykaryldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti gündelik ýazuw işleri üçin niýetlenen durmuş esbaplarynyň köpçülikleýin önümçiligini özleşdirdi. Bu topukçaly syýagalamlaryň geň tarapy olaryň içinde syýadanyň ýoklugydyr. Bu ýazuw esbaby ýasalanda, syýa gönüden-göni onuň göwdesiniň içine guýulýar-da, gapak dakylýar. Bu göwde we gapak kärhanada Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawody tarapyndan öndürilýän polipropilenden ýasalýar. Baha syýasatyndan ugur alsak, täze görnüşli topukçaly syýagalamlar beýlekilerden arzan topara degişlidir. Olaryň lomaý bahasy takmynan 95 teňňe. Hojalyk jemgyýetini esaslandyryjy Kakaly Geldiýewiň aýtmagyna görä, onuň tehnologiýasy, zerur enjamlar we degişli düzüm bölekleri Mumbayda geçirilen sergide hindi öndürijilerinden, ýokary hilli syýa bolsa Germaniýadan satyn alnypdyr.

Häzir telekeçiler üç görnüşli: tegelek, altyburç we üçburç göwdeli topukçaly syýagalamlary öndürmegi özleşdirdiler. Önümler dört reňkde: gyzyl, gök, ýaşyl we gara syýa bilen doldurylyp, satyşa çykarylar. “Gündogar şöhlesiniň” önümlerini eýýäm satyn alanlar, bu topukçaly syýagalamlaryň näderejede ýönekeý, rahat we ýumşak ýazýandygyna göz ýetirendirler. Häzir bar bolan aýda takmynan iki million ruçka öndürmäge niýetlenen kuwwatlyklar gysga wagtyň içinde diňe bir içerki bazary doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem goňşy ýurtlara-da köp mukdarda ýazuw esbaplaryny eksport etmäge mümkinçilik berer.

Wladimir Komarow

“Gündogar şöhlesi” HJ-niň täze önümi (turkmenistan.gov.tm)