HUSUSY KÄRHANANYŇ DATLY TAGAMLARY
Ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Z. Döwletowyň Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň «Şatlyk» geňeşinde ýerleşýän miwe kişdesini taýýarlaýan hususy kärhanasynyň işgärleri iki tonna golaý erik kişdesini öndürdiler. Kiçeňräk önümçiligiň çig maly saklaýan we kakadýan, ony gaýtadan işleýän, taýýar önümleri saklaýan ammary bar. Bu ýerde oturdylan ýokary öndürijilikli enjam miweleri kesmek, olaryň maňzyny-çigidini aýyrmak, kakatmak, taýýar önümi gaplamak boýunça işleri ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda kärhana almanyň uly tapgyryny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Hususy kärhana ýylda miwelerden we bakja ekinlerinden 100 tonna golaý witaminli önüm taýýarlamaga ukyplydyr.
Daşoguz welaýatynda çylşyrymly tebigy-howa şertlerine garmazdan, almadan, armytdan, alçadan, üljeden we beýeki ekinlerden ýokary hasyl alynýar. Bu ýerde tebigata aýawly çemeleşmek we onuň baý ýer hem-de toprak serişdelerini rejeli ulanmak esasynda bagçylygy yzygiderli ösdürmäge uly üns berilýär. Häzir sebitde mes toprakly müňlerçe gektar meýdanda miweli baglar ýetişdirilýär. Özi-de bu ugurda işlemäge höwesekleriň sany ýylsaýyn artýar. Muňa köp babatda tutuş ýurtdaky ýaly öba hojalyk ähmiýetli ýer gory ýardam edýär, olardan gök-miwe önümlerini, bagçylygy we üzümçiligi ösdürmek üçin ilata 99 ýyla çenli ýer bölünip berilýär.
Gök-miwe, bakja önümleriniň, miweleriň möçberiniň ýokarlanmagy ýetişdirilen hasyly saklamak we olary gaýtadan işlemek boýunça desgalaryň ösen ulgamyny talap edýär. Döwlet maýa goýumlarynyň hasabyna Daşoguz şäherinde üç müň tonna gök ekinleri, miweleri we ýer almasyny saklamak üçin täze iri sowadyjy ammar guruldy, bu işe işjeň çekilen hususy düzümleriň güýji bilen gaýtadan işleýän karhanalaryň birnäçesi işe girizildi we dürli möçberdäki ammarlar gurulýar.
Batyr Öräýew