GAZAGYSTANYŇ BAŞTUTANY MERKEZI AZIÝA SAMMITINI GEÇIRENDIGI ÜÇIN, TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE MINNETDARLYK BILDIRDI
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli garşylandygy we myhmansöýer türkmen topragynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyny ajaýyp gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Gazagystanyň Lideriniň aýtmagyna görä, sebitiň gün tertibiniň wajyp temalary boýunça düýpli pikir alyşmaklyk durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, şeýle hem Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegi ugrunda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin aýratyn möhümdir.
«Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda kesgitlän maksatlarymyzyň hem-de wezipelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy depginli ösdürmäge täze itergi berjekdigine hem-de biziň gatnaşyklarymyzy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn» – diýip, Gazagystanyň Prezidentiniň hatynda nygtalýar.