TÜRKMEN HALY SUNGATYNYŇ GYMMATLY ESERLERI: «TÜRKMEN KALBYNYŇ» DÖREDILEN GÜNÜNIŇ 80 ÝYLLYGYNA

«Türkmen kalby» – türkmen halyçylygynyň taryhynda 1941-1942-nji ýyllarda dokalan ilkinji ägirt halynyň adydyr. Ondan bäri 80 ýyl geçipdir. Rowaýata öwrülen bu eseriň döredilişine şaýat gözleýärkäk “Hala salan nagşyň” atly gysga metražly filmi surata düşüren režissýor Çaryýar Seýidow bilen tanyşdyk. Bu resminamalaýyn filmiň ýordumy türkmen halyçylygynyň ajaýyp eserini dünýä beren zehinli senetçileriň unudylmajak duşuşygyna bagyşlanýar.

Ägirt uly halyny dokamak işini jikme-jik täzeden dikelden režissýor munuň üçin ýurdumyzyň çar künjegine aýlanmak maksady bilen, uzak ýola sapara çykyp, halyçylary çeperçilik we tejribe ussahanasynyň ýerleşýän ýeri Aşgabatda jemledi. Film 1983-nji ýylda gymmatly ýadygärligiň 40 ýyllygy bellenende, giň ekranlara çykdy.

– Halyçylaryň Aşgabat demirýol menzilindäki duşuşygy diýseň täsirli boldy, sebäbi olaryň köpüsi adaty bolmadyk halynyň işi gutaraly bäri, biri-birini görmän eken. Olar 1941-nji ýylyň tomsunda “Mollanepes” teatr binasynyň öňündäki meýdançada, açyk howada ýerleşişlerini ýatladylar, sebäbi şeýle ullakan halyny dokamak üçin, amatly jaý tapmak kyndy- diýip, Çaryýar Seýidow aýtdy. – Şol döwürde senetçileriň hemmesi diýen ýaly 17 ýaşynda eken we günde 10 müň çitim etmek bilen, gaty öndümli işleýän ekenler. Birden dört aýlap dowam eden hysyrdyly işden soň, geljekki gudrat-halynyň erişleri gyrlyp oturyberipdir, şondan köp wagt geçmänkä bolsa ýaş gyzlaryň ruhunyň agyr synagyna öwrülen Beýik Watançylyk urşy başlanypdyr. 

Wagtal-wagtal olaryň her biri öz ýanyndan: “Ganym uruş atalaryň, agalaryň we ogullaryň janyny alýan döwründe bu äpet gyzyl mata kimiň göwnüni göterjekkä?” diýip oýlanan-da bolsa, haly täzeden dokalyp başlanandan soň, uruş dowam eden günlerinde ýekeje halyçy-da işini taşlamandyr.

Maşgalalaryň köpüsine ilkinji ölüm habary gelip başlapdyr. Esger gelinleri, dogulmadyk çagalaryň eneleri we ýaşlykda dul galan aýallar ähli gynançlaryny hem ýitgilerini haly nagyşlaryna siňdiripdirler. Olaryň göwnüne, seýtmek bilen, urşuň gutarjak gününi has golaýlaşdyrýan ýaly bolupdyr. Beýik ýeňşe bolan mizemez ynam agyr zähmetde ýaş hünärmenleriň güýjüne güýç goşupdyr.

Ilkinji türkmen äpet halysy, faşist goşunlarynyň Moskwanyň eteginde derbi-dagyn edilen günlerinde tamamlanýar, ol geljekki ýeňiş salýutlarynyň buşlukçysy bolýar. Dünýädäki iň uly we özboluşly halynyň umumy meýdany 193,5 inedördül metr – ini 11 metr, uzynlygy 18 metrdir. Ägirt uly hala garap lezzet almak dünýäniň täze döredilen täsinliginiň “öýüne” öwrülen Aşgabat HHGS-iň pawilýonynda mümkindi.

Ýokarda agzalan dokumental filmde topar ýolbaşçysy Nurtaç Annamuradowa şeýle diýýär:

– Şol ýyl, ýagny 1941-nji ýylda uruşdan ozal, bize türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçiriljek ilkinji ongünlügine taýýarlyk görülýändigini aýtdylar. Şonda-da bize Moskwadaky Uly (Bolşoý) teatryň sahna perdesi üçin haly dokamak teklip edildi. Biziň halymyzyň ýerliginde türkmen artistleri çykyş etmelidiler. Respublikanyň hökümetiniň öňde goýan bu wezipesini ýerine ýetirmäge dürli sebitlerden gelen otuz alty ussat halyçy işe girişdi, özi-de bu iş iňňän tiz wagtda ýerine ýetirildi. Ilkinji türkmen äpet halysyny 7 aýyň içinde dokamak başartdy.

Halyçylaryň zehinine we ussatlygyna ýokary baha berildi. Ussat halyçylar köp ýyllaryň dowamynda gadymy dokmaçylyk däplerini nesilden-nesle geçirip, zähmet çekmeklerini dowam etdirdiler. Häzirki wagtda Türkmenistanda adyny tutan halyň bar, emma olaryň iň esasysy – 1941-nji ýyldaky äpet haly diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň taryhynyň bir bölegine öwrüldi. Gymmatbahaly ýadygärlik Türkmen halysynyň milli muzeýinde saklanýar. Saklanyp galan dokumental filmiň täsirinden bolsa nesiller ägirt halyny dokan gahrymanlary asla unutmazlar.

Swetlana Çirsowa

Türkmen haly sungatynyň gymmatly eserleri: «Türkmen kalbynyň» döredilen gününiň 80 ýyllygyna (turkmenistan.gov.tm)