ENERGIÝAÇYLAR ÜÇIN HYZMAT MERKEZI GURULÝAR

“Çalyk Enerži” şereketiniň potratçy guramasynyň hünärmenleri “Türkmenenergo” döwlet korporasiýasynyň buýurmagynda döredilýän Energiýa enjamlaryny bejerme we ideg etme merkezinde enjamlary oturtmaga başladylar. “Çalyk Enerži” şereketi “Türkmenenergoabatlaýyş” kärhanasy üçin Merkezi Aziýada iň uly häzirkizaman ýokary tehnologiýaly bazany döretmek işini bary-ýogy üç ýylda, ýagny 2022-nji ýylyň ortalaryna tamamlamaly bolar, bu ýerde ilkinji gezek ýerli şertlerde tehniki hyzmat ediş, ilkinji nobatda bolsa, elektrik beketlerini abzallaşdyrmakda ulanylan kuwwatly gaz turbinalaryna hyzmat ediş işi guralar. Gurluşyk bilen bir wagtda ökde hünärli işgärleri taýýarlamak we iş öwretmek-de alnyp barylýar.

Häzirki wagtda diňe Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň öndüriji desgalarynda Amerikanyň “General Electric” şereketiniň dürli kuwwatly otuzdan gowrak gaz turbinasy ulanylýar. Bular türkmen elektrik ulgamlarynyň ygtybarly işlemegini üpjün edýän ýokary netijeli enjamlardyr. Olara tehniki hyzmaty öň şereketiň özi edýärdi. Indi abzallar öndürijiliginiň we işe taýýarlygynyň ölçeglerine laýyklykda Büzmeýin şäherindäki ýöriteleşdirilen merkezde dikeldiler. Şol ýerde-de gaz turbinalarynyň könelen bölekleriniň gaýtadan dikeltme işi ýola goýulýar. Bu maksat üçin desga bölünip berlen ýerlerde – Büzmeýiniň döwlet elektrik bekediniň ýanynda – potratçy eýýäm ähli zerur binalary gurup, ownuk-uşak işleri tamamlaýar.

Edara binasynyň diwarlary galdyryldy, bu ýerde okuw merkezi we kompýuter tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan hyzmat merkeziniň işgärleri üçin jaý, maslahat zaly we beýleki otaglar bolar. Merkeziň çäginde meýdany dört müň inedördül metrden gowrak bolan ussahanalar guruldy. Olary öňdebaryjy öndürijileriň tehnologiýalary boýunça gaz turbinalarynyň böleklerini dikeldýän ýokary tehnologiýaly desgalar bilen enjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, gaz turbinalaryny abatlamak baradaky şertnama laýyklykda, potratçy gaz turbinalary üçin 16 toplum ätiýaçlyk şaýyny berer, bu bolsa alyş-çalyş gaznasyny döretmäge mümkinçilik berýär.

Häzir çylşyrymly ulgamlary ýöriteleşdirilen iş ýerlerine daşamak we galdyryp bermek üçin ussahanalaryň her bölüminde köpri kysymly ýük göterijiler oturdyldy.

Indi transformator abzallaryna hyzmat ediş bölümini işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Bu ýerde elektrik generatorlaryny, dürli kuwwatly kömekçi transformator beketlerini, elektrik panellerini we beýleki elektrik enjamlaryny, ammar binasyny, himiýa ussahanasyny, şeýle hem tutuş hyzmat merkezine ideg etmek üçin tehniki binany has ýokary tehnologik derejede özleşdirmeli bolar.

Hünärmenleriň pikiriçe, ideg hyzmatynyň ýola goýulmagynyň, abatlaýyş işleriniň wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň hasabyna gaz turbinalarynyň işiniň ygtybarlylygy ýokarlanar, abatlaýyş işleriniň möhleti gysgalar, gaz turbinalaryny abatlamak üçin çykdajylar azalar we täze iş ýerleri peýda bolar.

Wladimir Komarow

Energiýaçylar üçin hyzmat merkezi gurulýar (turkmenistan.gov.tm)