KANADADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP TÜRKMEN SURATKEŞI DURDY BAÝRAMOWYŇ DÖREDIJILIK IŞI BARADA TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 3-8-nji awgustynda Kanadanyň Monreal şäherindäki Konkordiýa uniwersitetinde onlaýn görnüşde Merkezi we Gündogar Ýewropany öwreniş boýunça halkara geňeşiniň 10-njy gurultaýy (ICCEES) geçirildi.
Bu çäräniň çäginde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy “Durdy Baýramowyň sungat gaznasy” bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap meşhur türkmen suratkeşi Durdy Baýramowyň döredijilik işi barada tanyşdyryş dabarasyny gurady.
Hususan-da, dabaranyň dowamynda suratkeşiň türkmen halkynyň sungatyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna bagyşlanan eserleri görkezildi. Türkmenistanyň Kanadadaky Ilçisi (Waşington şäherinde ýerleşmek bilen) Meret Orazow we "Durdy Baýramowyň sungat gaznasynyň" düýbüni tutujy Keyik Baýramowa öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli sungatyň we medeniýetiň ösmegi üçin alyp barýan işi, şeýle hem dünýä ýurtlarynyň medeni gatnaşyklarynyň ösmegi üçin berýän goldawlary bellenildi.
Bu çäräniň maksadynyň, milli medeniýetleriň taryhyny we gazananlaryny, şeýle hem bu medeniýetleriň arasynda aragatnaşygyň gurmagyň ýollaryny görkezmekden yabarat bolup durýandygy belleniýär.