TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNA BAGYŞLANYP ÝAPONIÝADA GEÇIRILEN ÇÄRE

photo

2021-nji ýylyň 23-nji awgustynda Tokio şäherinde “Tokyo Metropolitan Art Museum” muzeýinde “Şin Nihon Bijitsukan” atly Ýaponiýanyň Täze Sungat Assosiasiýasy tarapyndan 53-nji “Şinten”Çeper döredijilik sungat sergisi geçirildi.

Bu sergä Ýaponiýanyň 300-den gowrak suratkeşleri we sungat ussatlary gatnaşdy we özleriniň döredijiligi bilen tanyşdyrdylar. Sergide Ýaponiýanyň ussat suratkeşi Haýaşida Sueaki Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap “Türkmenistana tarap ýol” atly surat eseri bilen çykyş edip baýrakly orunlaryň birine mynasyp boldy.

Bu dabara Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Elýasow hem gatnaşdy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy, onuň halkara gatnaşyklar ulgamynda tutýan orny, türkmen-ýapon gatnaşyklary barada söz sözledi. Şeýle hem Türkmen diplomaty ýapon sungat ussatlaryny ajaýyp eserleriniň üstünligi bilen gutlap ýeňiji suratkeşlere sylaglaryny gowşurdy.

Habarlar (neutrality.gov.tm)