TÜRKMENISTAN GAZ PUDAGYNDA HYTAÝYŇ IRI HYZMATDAŞYDYR

photo

HHR-iň gümrük statistikasynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň iýulynda ýurt taryhda turbageçirijiden tebigy gazyň iň köp möçberini - 4,714 milliard kub metr ýa-da bir gije-gündizde 157 million kub metr gaz import etdi. Onuň agramly bölegi 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizileni bäri 11 ýyldan gowrak durnukly işleýän Türkmenistan-Hytaý turbagçerijisinden gelýär. Meselem, 2021-nji ýylyň ýanwarynda Sinhua habarlar agentligi Hytaýyň PipeChina West Pipeline nebit kompaniýasyna salgylanyp, 3,87 milliard kub metr gaz alnandygyny habar berdi. Indi köp wagt bäri Türkmenistan Hytaýa esasy gaz ugradyjydyr.

Türkmenistan 11 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda HHR-a 300 milliard kub metr gaz iberdi. Türkmen gazy HHR-iň alyjylar bazarynyň 10 göterimden gowragyny tutýar. Türkmen gazyny HHR-iň sebitleriniň onlarçasynda 500 milliondan gowrak adam ulanýar.

«Galkynyş» ýatagynda ýokary tehnologiýaly täze maýa goýum taslamasyny işe girizmek dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda HHR-a 40 milliard kub metr «mawy ýangyç» iberilýär. Täze guýular Hytaýa goşmaça gaz ibermäge mümkinçilik berýär. «Türkmengaz» Döwlet konserni bu işleri ýerine ýetirmäge Hytaýyň «СNPС» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy, onuň hyzmatlarynyň tölegi Hytaýa üç ýyl gaz ibermegiň hasabyna amala aşyrylar. Ozal baglaşylan ylalaşyklara görä, HHR-a 65 milliard kub metr gaz ugradylar. Geljekde Hytaýa 100 milliard kub metr gaz iberiler.

Dabara gatnaşan hytaý tarapynyň wekilleri Türkmenistan bilen toplumlaýyn hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler, ol iki ýurduň özara bähbitlerine laýyk gelýär. 2035-nji ýyla çenli Hytaýyň gaza isleginiň iki esse artjakdygy çaklanylýar. Kömür we nebit bilen deňeşdireniňde ekologýa taýdan has arassa tebigy gaza «ýaşyl energetikany» ösdürmekde geçiş ýangyjy hökmünde garalýar.

Ogulgözel Rejebowa

Türkmenistan gaz pudagynda Hytaýyň iri hyzmatdaşydyr (turkmenistan.gov.tm)