LEBAP WE DAŞOGUZ WELAÝATLARYNYŇ WEKILIÝET AGZALARY ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ BUHARA WE HOREZM WELAÝATLARYNDA GULLUK IŞ SAPARYNDA BOLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleri 2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda degişlilikde, Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gulluk iş saparynda bolar.

Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýet agzalary Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gulluk iş saparynda bolar (turkmenistan.gov.tm)