BÜTINDÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYK GÜNI 2021: INKLÝUZIW ÖSÜŞ UGRUNDA SYHAÝATÇYLYK

27-nji sentýabrda Bütindünýä syýahatçylyk güni bellenilýär. Ol 1980-nji ýylda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (United Nations World Tourism Organization; UNWTO) assambleýasynda medeni tejribe alyşmagyň, halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, şeýle hem ykdysadyýete möhüm goşant goşýan ugruň kuwwatly guraly hökmünde syýahatçylyga dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek maksady bilen döredildi.
27-nji sentýabryň saýlanylmagy tötänden däldir – 1970-nji ýylda Bütindünýä syýahatçylyk guramasy öz Düzgünnamasyny kabul etdi, gurama häzire çenli ondan ugur alyp işleýär.
1980-nji ýylda ilkinji Bütindünýä syýahatçylyk güni syýahatçylyk pudagynyň umumadamzat medeni mirasyny saklap galmaga bagyşlandy.
COVID-19 pandemiýasy syýahatçylar üçin gymmatly we howpsuz syýahatlaryň täze ugurlaryny gözlemäge mejbur etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylda halkara derejesinde oba ýerleriniň myhmansöýerlik senagatyny – sebitleriň gözelligini we ýerli ilatyň özboluşlylygyny görkezýän ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek başlagyjy jar edildi.
«Inklýuziw ösüş ugrunda syhaýatçylyk» - 2021-nji ýylyň Bütindünýä syýahatçylyk gününiň temasydyr.
UNWTO BMG-nyň Ählumumy maksatlaryna ýetmegiň onýyllygyna doly eýerýär, şeýle hem dünýäni özgertmäge ýardam edýän «Biziň isleýän geljegimiz, mätäçlik çekilýän BMG» giň çakylyga gollanma ýörelgä öz goşandyny goşdy.
Baýramyň resmi reňki – mawy reňk baýramçylyk çärelerini bezemekde gaýtalanýar.
Bütindünýä syýahatçylyk gününiň taryhy 1925-nji ýylda Gaagadan başlanýar. Şol ýyl resmi syýahatçylyk guramalarynyň Halkara kongresi döredildi, soňra oňa Bütindünýä syýahatçylyk guramasy diýlip at berildi.
Taýýarlan: Aýjahan Ataballyýewa
Bütindünýä syýahatçylyk güni 2021: Inklýuziw ösüş ugrunda syhaýatçylyk (turkmenistan.gov.tm)