W. ÝEROŞENKO: «ÝAŞADY, SYÝAHAT ETDI, ÝAZDY»

photo

Tanymal ýazyjy Wasiliý Ýeroşenko gubur daşyna şeýle sözleri ýazmagy wesýet edipdir. Onuň soňky sargydyny ýazyjynyň ildeşi Staryý oskolly nakgaş-heýkeltaraş W. Kolesnikow ýerine ýetiripdir.

Ýeroşenko ajaýyp we dünýälik Adam diýýärdiler. Ol ömrüne ýigrimiden gowrak ýurda aýlanyp çykdy. Ol nirä barsa-da — işleýärdi, ýerli ilata kömek edip, haýyrly iş edip, ýagşy at gazanýardy.

Wasiliý Ýeroşenko geçen asyryň başynda esperanto dilindäki okuw kitabyny Braýl şrifti bilen täzeden ýazdy, bu bolsa batyllara daşary ýurt dillerini öwrenmäge mümkinçilik berdi. Bu agras, ýüregi ýuka adam dünýä ýurtlarynyň köpüsinde, şol sanda Türkmenistanda hem batyl adamlar üçin ummasyz iş bitirdi.

Ýazyjy, şahyr, esperantoçy, sazanda, syýahatçy, göreji pesleriň mugallymy W. Ýeroşenko 1890-njy ýylda Staryý Oskol uýezdiniň Obuhowka obasynda dogulýar. Dört ýaşynda agyr kesel zerarly Wasiliý göreçden mahrum bolýar. 1899-njy ýylda Moskwanyň batyl çagalary terbiýelemek we olara bilim bermek jemgyýetiniň okuw-terbiýeçilik mekdebine ýerleşdirilýär. Ýeroşenko sazandarlyk hünärini ele alýar.

Sazandarlygy üçin Ýeroşenko ilkinji gezek daşary ýurda — Angliýa gidip, batyllar üçin Saz akademiýasynyň Şa kollejinde okaýar. Şondan soň äleme syýahat edip, dünýä ýurtlarynyň ýarysyna aýlanyp çykýar.

1935-nji ýyldan başlap W. Ýeroşenko Guşgyda on ýyl ýaşaýar we öz döreden batyl çagalar üçin mekdebinde sapak berýär. Ol şu mekdebiň ilkinji müdiridi. Wasiliý Ýakowlewiç taryhda ilkinji bolup, türkmen dilinde Braýl şriftinde elipbiý döredýär we öz mekdebi üçin okuw kitaplarynyň Moskwada neşir edilmegini gazanýar.

Ol batyl çagalary zähmet bilen terbiýelemeli diýip pikire eýeripdir, munuň üçin mekdepde ussahanalary gurapdyr. Ol okuwçylaryň estetiki terbiýesine — aýdym-saza, edebi eserleri okamagyna, saz gurnaklaryna gatnaşmaklaryna köp üns beripdir. Esasy işinden daşgary, çagalar mal bakypdyrlar, mellekde işläpdirler, bal ary idedipdirler. Ýeroşenko okuwçylaryny Mara gezelenje äkidende, olary hökman kinoteatra eltipdir. Olary hut özi Guşgynyň etegindäki obalara aýlap, ýerli tebigat, adamlar bilen tanyşdyrypdyr.

Ýeroşenko çagalara öz durmuş tejribesini, bilimini bermäge çalşyp, okuwçylaryna durmuşa gerekli endikleri öwredipdir. Ol çagalykdan batyl bolsa-da, ýeke özi uzak aralyga ýol geçipdir. Suwda ýüzmäge ökde ekeni, köp guralda saz çalypdyr, şaşka oýnuna ussat bolupdyr. Bir gezek grossmeýter Alýohiniň hut özi bilen küştde bir döwi deň oýnapdyr. Ýeroşenko soň-soňlar daşary ýurt dilleriniň 11-sini öwrenipdir.

1945-nji ýylda uruş tamamlanandan soň Ýeroşenko Moskwa dolanyp barýar we magaryfçylyk işini dowam edýär. Ol beýleki dünýä dilleri bilen birlikde çagalara türkmen dilini-de öwredýär. W. Ýeroşenkonyň ady Ýaponiýada, Hytaýda, Birmada we Hindistanda hem bellidir. Türkmenistanda-da ony ýagşylykda ýatlaýarlar.

R. Tagor Ýaponiýa baranda şol wagt bu ýurtda bolýan Ýeroşenko tanymal hindi şahyry we pelsepesiçisi bilen duşuşyp, ruhy ösüş hem-de Günbataryň we Hindistanyň medeniýetleriniň birek-birege täsiri barada çekeleşikli jedele giripdir.

Agyr derde uçran Wasiliý Ýeroşenko 1952-nji ýylda dogduk obasy Obuhowka dolanýar we şol ýylyň 23-nji dekabrynda aradan çykýar.

Häzirki günlerde ylmyň we tehnikanyň gazananlary netijesinde batyllaryň mümkinçiligi artdy, şonda-da tehniki serişdelerden peýdalansa-da, olardan tutuş ömrüne ýurt aşyp, alys illere gideni tapylarmyka?! Ýeroşenko keýpine gezmeýärdi, onuň her saparynyň anyk maksady bardy: okuw, batyllaryň durmuşyny gurmak we olara kömek, batyl we ker çagalar üçin mekdepleri döretmek ýaly asylly niýet bilen giderdi. Dogrusy, bedeni sag adamlardanam Ýeroşenkonyň eden işini başarjak az bolsa gerek.

  «AA» - nyň habarçysy

W. Ýeroşenko: «Ýaşady, syýahat etdi, ýazdy» (turkmenistan.gov.tm)