TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Kisida Fumio Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla ediljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Kisida Fumio berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de ýurduň rowaçlygynyň bähbidine bu ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady (turkmenistan.gov.tm)