TÜRKMENISTANYŇ POÇTA ARAGATNAŞYGYNYŇ HYZMATLARY WE TARYHY HAKYNDA

Her ýyl 9-njy oktýabrda Bütindünýä poçta birleşiginiň döredilen güni Bütindünýä poçta güni (World Post Day) bellenilýär. Birleşik 1874-nji ýylda Şweýsariýanyň paýtagty Bernde döredildi. Bütindünýä poçta gününi geçirmek barada habar 1969-njy ýylda Tokioda geçirilen BPB-niň Kongresinde yglan edildi. Ol BMG-nyň bütindünýä we halkara günleriniň sanawyna girýär, dünýäde poçta hyzmatyny wagyz etmäge-de hem-de ösdürmäge ýardam etmäge niýetlenendir.
Şondan bäri dünýä ýurtlarynyň köpüsinde her ýyl Bütindünýä poçta güni bellenilýär. Ýurtlaryň köpüsiniň poçta edaralary täze poçta önümlerini we hyzmatlaryny ornaşdyrmak ýa-da ilerletmek üçin bu mümkinçilikden peýdalanýarlar.
Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolan «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy döwletiň poçta operatory hökmünde çykyş edýär. Bu bolsa gysga wagtda ýollamalary ugratmaga we almaga mümkinçilik berýär. Dünýäniň poçta guramalarynyň ählisi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ugur alyp, döwletimiziň we tutuş dünýäniň poçta markalarynyň toplumy döredildi. Garaşsyzlyk ýyllary «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy poçta markalarynyň ýüzlerçesini çykardy, olarda ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri, medeniýeti we sungaty, haýwanat we ösümlik dünýäsi, türkmen türgenleriniň üstünlikleri şekillendirilen. Poçta hyzmatlarynyň dünýä derejesine laýyk gelmegi, ýollamalary çalt eltmegi ýola goýmak maksady bilen «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy EMS Express Mail Service geçirijileri bilen birleşdirildi, ýollamalar 3-4 günde dünýäniň islendik künjegine amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistana gelýän hatlaryň, ýollamalryň artmagyna getirdi.
Şeýle hem türkmen, rus we iňlis dillerinde internet saýty işleýär, onda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň hyzmatlary barada maglumatlar berilýär.
Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeginde «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinde 2000-den gowrak adam zähmet çekýär. Olar hatlaryň we döwürleýin neşirleriň ilata wagtynda gowşurylmagyny üpjün edýärler. Mundan başga-da, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy dürli neşirlere abuna ýazylyşygyny hem amala aşyrýar.
Türkmenistanyň poçta aragatnaşygynyň hyzmatlary we taryhy hakynda (turkmenistan.gov.tm)