YSLAMABATDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Yslamabat şäherinde, Penjab hem-de Haýber-Pahtunhwa welaýatlarynda ýaşaýan türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatndylar.
Çäräniň dowamynda 30 ýylyň içinde Türkmenistanyň syýasy, durmuş ykdysady, ynsanperwer ugularda gazanan üstünlikleri, Bitaraplyk derejesi, oňyn daşary syýasaty babatynda gürrüň edildi. Şeýle hem strategik taýdan möhüm başlangyç bolan “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” halkara gaz geçirijisiniň, “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan” elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygy bellenildi.