ANŽELIKA ÝALKABOWANYŇ ILDEŞLERIMIZE AJAÝYP SOWGADY

Ýurdumyzda jemgyýetiň medeni ösüşine saldamly goşant goşýan döredijilik işgärleriniň ençemesi bar. «Altyn serpaý» çagalar skripkaçylar ansamblynyň ýobaşçysy Anželika Ýalkabowa-da şolaryň biri. Topar 2013, 2015, 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolupdy.
Anželika Ýurýewnadan ilkinji gezek haçan eline skripka alandygyny soranymyzda, şeýle gürrüň berdi.
Çagalar bagynda geçirlen bäsleşikde, ksilofoinda öz-özüme sazandarlyk etmegimde aýdym aýdyp, ýeňiş gazananymda, aýdym-saz mugallymym hossarlaryma meň zehinim barada gürrüň beripdi. .
Anželikanyň ejesi — matematika mugallymy, kakasy — turbada saz çalýardy, daýzasy — filarmoniýada aýdymçy, daýysy — dirižýor. Onsoň hossarlarynyň bary üýşüp, onuň geljekki kärini saýlap ugradyalr.
Gyzjagaz çekinjeňlik bilen:
— Men skripkany halaýan — diýýär.
—Ýok! Bu eliň bilen gural göteribilermiň? Oturan ýeriňde fortepianoda saz çalarsyň — diýip, ejesi nygtaýar
Ejesi ýokary okuw mekdebinde talyplardan synag alýardy, şonuň üçinem ony RSM-e (indi Milli konserwatoriýanyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen Çagalar sazçylyk mekdep-internaty) giriş synaglaryna ejesiniň talyby äkitdi.
— Şu inçejik barmajyklaryň bilen fortepiano çaljakmy? – diýip, kabul ediş toparynyň agzasy Garold Isaakowiç Neýmark kesgitli aýtdy.
— Özüm-ä skripkany halaýan, ýöne ejem...
Garold Isaakowiç:
—Boldy, onuň ejesi ýanyma gelsin, men oňa düşündirerin – diýidi.
RSM-inde 11 ýyl çalt geçdi, soňra ol konserwatoriýada okuwyny dowam etdi.
Anjelika RSM-de hünär tejribesini geçende, Neýmark oňa bilgeşleýin işlemesi iň kyn okuwçylary berkiderdi. Anželika çagalaryň dilini çalt tapardy, onsoň olar islendik meseläni aňsat çözerdiler.
Şonda Garold Isaakowiç:
Sende mugallymçylyk zehini bar — diýipdi.
Konserwatoriýada okanda ýokary talyp hakyny alyp, suraty Hormat tagtasynda goýlardy, şonuň üçinem ony Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynyň direktory Aman Çakanow, Aşgabadyň 1-nji sungat mekdebiniň müdiri Aman Saparow we Aşgabadyň 2-nji sungat mekdebiniň müdiri Olga Durdynyýazowa dagy işe çagyrypdylar. Ol teatry saýlady. Şeýle bolsa-da, mugallymçylyk onuň ykbalyna ýazylan borly.
Çagasyna seretmek üçin rugsatdan işe çykan wagty bir gezek köçede Aman Saparowa gabat geldi, ol Anželika 1-nji sungat mekdebiniň kirişli saz gurtallary bölümine hem-de ansamla ýolbaşçylyk etmegi teklip etdi. Ol ansambla gyzygyp, teklibe razy boldy.
Anželika Ýurýewna göwün halan kärine ýetdi. Her ýyl sungat mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda sazandalaryň döwlet bäsleşgine gatnaşýan okuwçylarynyň öňdäki orunlary eýelemegi hem muňa şaýatlyk edýär. 2018-nji ýylda bolsa Anželika Ýurýewnanyň okuwçylary Zaur-Abbas Asadullaýew we Emir Sopyýew birinji orna mynasyp boldular.
«Altyn serpaý» çagalar skripkaçylar toparynyň düzümine, dördünji synpy üstünlikli tamamlan çagalar kabul edilýär. Ýaş skripkaçylar dürli çärelerde çykyş edýärler. Olar Anželika Ýurýewnanyň ýolbaşçylygynda Nury Halmämmedowyň, Nury Muhadowyň, Durdy Nuryýewiň, Weli Ahmedowyň, Aman Agajykowyň, şeýle hem Mosartyň, Gaýdnyň, Wiwaldiniň... eserlerini ýerine ýetirýärler. Bir gezek men toparyň ýaşajyk sazandalaryndan:
Tolgunýaňyzmy? — diýip soradym.
Olar:
Ýok. Biz çykyş etmäni halaýarys — dýip jogap berdiler.
Häzirki çagalara geň galýaryn. Dogrusy, özüm-ä tolgunardym. Men elleri skripkaly oglanjyklardyr gyzjagazlara bakanymda birbada iki mekdepde – umumy bilim berýän we sungat mekdebinde okaýan, galyberse-de, nätanyş adamlaryň öňünde çykyş etmäge höwesek ýaşajyk zehinlere buýsanýaryn.
Anželika Ýalkabowanyň ildeşlerimize ajaýyp sowgady (turkmenistan.gov.tm)