ÝURDUMYZ POMIDORYŇ RUSSIÝA EKSPORTYNY IKI ESSE ARTDYRDY

Eziz Diýarymyz ýyladyşhana ýetişdirilýän pomidorynyň Russiýa eksportyny iki esse artdyrdy. «East Fruit» maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylda Russiýa getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberiniň yzygiderli azalýan döwründe Türkmenistanyň bu bazara «girmegi» şu ýyl üçin hakyky täsinlik boldy.
2021-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda Türkmenistan Russiýa eýýäm 32 müň tonna ýyladyşhana pomidoryny eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esse diýen ýaly (92%) köp. Bu bolsa, Russiýa Federasiýasyna ýyhladyşhana pomidoryny iň köp satýanlaryň sanawynda Türkmenistanyň 4-nji orny eýelemeginiň şerti boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Russiýa haryt ibermek boýunça Özbegistan bilen deňleşdi. Özbek eksporty 55% artyp, 37,4 müň tonna ýetdi. Deňeşdirmek üçin, şu wagt Türkiýeden Russiýa getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberi 2% azaldy.
«East Fruit» maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň pikiriçe, eger Türkmenistan öň beýleki gatnaşyjylar üçin uly bir bäsdeşlik döretmedik hem bolsa, indi türkmen pomidory daşary bazarlarda işjeň bäsdeşlige eýe bolýar.
Ýurdumyz pomidoryň Russiýa eksportyny iki esse artdyrdy (turkmenistan.gov.tm)