TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN ULAG PUDAGYNDA MÖHÜM YLALAŞYKLAR GAZANDY

Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ulag hem tranzit pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.

Taraplar Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ýolunyň ýüküni doly ýetirmegi bu ugurda esasy wezipe diýip billediler. Şeýle hem, döwlet Baştutanlary nyrh syýasatyny kämilleşdirmegiň we daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmaga itergi bermegi üçin, iki ýurtlarda ýük daşama şertlerini gowulandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Taraplaryň pikirine görä, Hazaryň Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda logistik hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar. Awtoýol aragatnaşygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belläp, Gazagystan tarapy döwlet Baştutanymyzyň Garabogaz aýlagynyň üsti bilen Gazagystana täze ýol açmak üçin, köpri gurmak baradaky teklibini oňlady we geljegi uly bolan bu taslamany bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistan bilen Gazagystan ulag pudagynda möhüm ylalaşyklar gazandy (turkmenistan.gov.tm)