ÝAŞ ZEHINLERIŇ HALYPASY

photo

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň «hor» mugallymy «Güneş» hor toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň sugatda at gazanan işgäri, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Aknur Saparowna Hojagurbanowa türkmen medeniýetine, sungatyna, bilimine uly goşandyny goşýan dirižýor, hormeýster zenandyr.

Aknur Saparowna 1943- nji ýylyň 27-nji fewralynda Aşgabat şäherinde işçi maşgalada − Ballyýew Sapar we Gülnabat ejäniň agzybir maşgalasynda dünýä inýär. Gülnabat eje ýaşajyk Aknuruň saza bolan höwesini, ukybyny duýup, gyzyny 1954 –nji ýylda ýörite sazçylyk mekdep-internatyna getirýär. Şol ýerde Aknur ýörite fortepiano bölüminde kompozitor, fortepiano mugallymy Durdy Nuryýewyň bölüminde saz guralyndan tälim alýar. 1959 – njy ýylda mekdebi üstünlikli tamamlap, D.Öwezow adyndaky sazçylyk sungat mekdebiniň hor bolümine okuwa girýär, şeýle-de Türkmen döwlet filarmoniýasynyň Döwlet horuna hor aýdymçysy hökmünde işe girýär. Aknur Hojagurbanowa ussat halypalaryny häli-şindi hem buýsanç bilen ýatlaýar. Olardan Genrih Drežewskiýniň, Wladimir Dmitriýenkonyň, Ata Esenowyň, Aman Şahberdiýewiň atlaryny tutmak bolar.

Aknur Hojagurbanowa «Bu halypalar diňe bir aýdym –saz däl, eýsem durmuşda öz dogry ýoluňy tapmagy we öz hünäriňe wepaly bolmagy hem öwretdiler»- diýip, belläp geçýär.

1964 – nji ýylda radio we telewideniýäniň horunda işläp, ilki horuň hormeýsteri wezipesinde, soňra bolsa horuň ýolbaşçysy we baş dirižory bolup ilkinji zähmet ýoluna gadam basýar.1981 – 1986-njy ýyllar aralygynda ol Türkmen Döwlet pedogogiki sungat institutyna (häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy) hor dirižýory bölümine okuwa girýär we ony üstünlikli tamamlaýar.

Ýaşlygyna garamazdan Aknur Hojagurbanowa Aşgabat şäheriniň 3 –nji sazçylyk mekdebinde, konserwatoriýanyň hor bölüminde, Döwlet filarmoniýada mugallym bolup, ýaşlara bu ugurdan bilim berýär. «Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag» diýip ata – babalarymyzyň belläp geçişi ýaly, 1985-nji ýylda Aknur radio – telewideniýäniň «Çagalar hory» toparynyň çeper ýolbaşçysy we dirižýory bolup zahmet çekýär. Hor bilen işlemek we çagalary zehinli aýdymçylar edip ýetişdirmek Aknuruň ilkinji aladasynyň biri bolup durýar.

Aknur Hojagurbanowanyň ýolbaşçylyk edýän çagalar hor topary 1989 –njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk şäherinde geçirilen halkara festiwalynda Türkmenistanyň adyndan üstünlikli çykyş edýär. Şol festiwalda hor toparynyň ýaşajyk oglanjykdyr – gyzjagazlary Daňatar Öwezowyň «Waharman» atly akapella aýdymyny ýerine ýetirip, emin agzalary, tomaşaçylar tarapyndan öwgüli sözlere, şeýle hem uly meşhurlyga eýe bolýarlar. Ýaşajyk hor aýdymçylaryň bu üstünligi yzygiderli dowam edýär. Olar soňra Türkiýänyň Ankara we Stambul şäherlerinde, Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen çagalar festiwallaryna gatnaşyp, dünýä ýüzünde turkmen çagalar hor toparynyň meşhurlygyny gazanýarlar.

2005-nji ýylda Aknur Hojagurbanowa M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatyna hor mugallymy wezipesine işe girýär we «Güneş» hor topary döredilip, şol toparyň çeper ýolbaşçysy bolýar. Şol günden başlap «Güneş» hor topary hormatly Prezidentimiziň şa serpaýlaryna mynasyp bolýar. Olar «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolýarlar. Mundan başga-da Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada eýe bolýarlar.

Aknur Hojagurbanowa: «Türkmen medeniýetini sungatyny ösdürmäge, ony bütin dünýä tanatmaga ähli mümkünçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!» diýip, Gahryman Arkdagymyzyň adyny alkyşlara besleýär. Biz hem öz gezegmizde Aknur Hojagurbanowa alyp barýan döredijilik işlerinde, täze-täze aýdymlary döretmekde mundan beýläk hem üstünliklere eýe bolmagyny arzuw edýäris.

Ýaş zehinleriň halypasy (turkmenistan.gov.tm)