ASTANABABA OBASYNDAKY GADYMY ALAMBERDAR ARAMGÄHI

photo

Astanababa Amyderýadan bary-ýogy iki kilometrlikde ýerleşýän oba. Geçen asyryň başynda bu ýerde ekarançylyk, ýüpekçilik bilen meşgullanan, balykçylara gaýyk ýasan ärsarylar ýaşapdyrlar. Ýerli ilat agaja nagyş salmaga, küýzegärlige, ýarag ýasamaga we demirçilige ussat bolupdyr. Bu ýerdäki mähelleli bazaryň, metjidiň we esasy keramatly ýeriň - Alamberdar aramgähiniň töwereginde ussahanalarydyr dükanlar ýerleşipdir.

1899-njy ýylda russiýaly gündogarşynas Boris Litwinow Astanababany ylmy taýdan öwrenmek üçin gelen ilkinji ýewropalydy. Ol obanyň ýadygärliklerini we olar bilen bagly rowaýatlary jikme-jik ýazyp alypdyr. Akademik Masson bu ýerden tapylan teňňelere, küýze döwüklerine we seýrek ýazuw çeşmelerine daýanyp, adamlaryň bu ýerde iki müň ýyl mundan ozal ýaşap başlandygyny ýüze çykarýar. Alym Kerki şäherini araplaryň Orta Aziýa gelen döwri ilkinji gezek agzalan orta asyr Zemm şäheri hasaplapdyr. Zemmiň golaýynda Astananbabadan öň gurlan Maýmarg şäherçesi bolupdyr.

Türkmençe Omargala diýlip atlandyrylýan gadymy galanyň galyndylaryny öwrenen belli arheolog Wiktor Pilipkonyň toparynyň tapan gyzykly zatlarynyň arasynda taňry zenanyň toýun heýkeljigi bardy.

Alamberdar aramgähi Astanababanyň esasy ýadygärligidir. Onuň gurluşygy barada X–XI asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen ilçi we köşk taryhçysy Abu Nasr al-Utbi soltan Mahmyt Gaznalynyň bitiren işlerine bagyşlanan kitabynda ýazýar. Samanylar nebereleriniň soňky wekili, 1005-nji ýylda öldürilen Ysmaýyl al-Muntasiriň jesedini jaýlamak üçin Maýmarga getirýäler. Mahmyt Gaznaly umumy duşmany Garahanlylar bilen göreşde al-Muntasir bilen egindeş ekeni, şonuň üçinem soltan beýik serkerdäniň hatyrasyna aramgäh gurdurýar.

Omargalanyň etegindäki biziň günlerimize çenli gowy saklanyp galan ýadygärlik XI–XII asyrlarda şu sebitde binagärlik ussatlygynyň ýokary derejä ýetendigine şaýatlyk edýär. Gurlandan 400 ýyl soň aramgähiň üýtgeşik girelgesi Merkezi Aziýanyň, Eýranyň, soňy bieln tutuş Yslam dünýäsiniň esasy çeperçilik serişdesine öwrülýär.

Aýtmaklaryna görä, Alamberdar Alynyň baýdak göterijisi we serkerdesi bolupdyr. Bir gezek onuň goşuny çölde galyp, teşnelikden ejir çekipdir. Şonda ol guýy gözlegine çykýar, azaşmazy ýaly ýoldaşlaryna gije ot ýakmagy tabşyrýar. Ýöne ýalňyşyp, duşman goşunyna gelýär we şol ýerde öldürilýär. Ertesi egindeşleri onuň jesedini duşman elinden alyp, depin edýärler we mazarynyň üstünde aramgäh galdyrýalar.

Ýadygärlik keramatly kişileriň gubury ýaly zyýarat edilýän ýere öwrülmändir, şonuň üçinem bu ýerde dünýewi adam jaýlanypdyr diýlip çak edilýär.

Astanababa obasyndaky gadymy Alamberdar aramgähi (turkmenistan.gov.tm)