TÜRKMENISTANYŇ DEPUTATLARY ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISINDE
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri ÝHHG-niň 3-4-nji noýabrda onlaýn formatda geçirilen Parlament Assambleýasynyň 19-njy güýz mejlisine gatnaşdy.
Duşuşygyň çäginde ÝHHG-niň sebitindäki derwaýys howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň işine we häzirki syýasy meselelerine syn berildi.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 19-njy güýz mejlisi Hemişelik komitetiň mejlisi bilen açyldy, onda, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy Margareta Sederfelt we ÝHHG-niň Baş sekretary Roberto Montella çykyş etdi.
4-nji noýabrda «Häzirki howpsuzlyk kynçylyklary: Owganystandaky ýagdaý» atly Parlament maslahaty geçirildi.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy 1990-njy ýylda ÝHHG-niň Pariž sammiti tarapyndan döredilen halkara parlament gurluşydyr. Bu gurama ÝHHG gatnaşýan döwletlerde hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak üçin, parlamentara gepleşiklere ýardam edýär. ÝHHG-niň Assambleýasynyň merkezi karargähi Kopengagende (Daniýa) ýerleşýär.
Parlament Assambleýasy ýylda üç gezek ýygnanýar: ýyllyk sessiýa, şeýle hem güýz we gyş mejlislerine. Her ýyllyk sessiýanyň gün tertibi üç umumy komitetiň hasabatlaryna garamagy we olaryň maslahat beriji häsiýetli kararlarynyň taslamasyny tassyklamagy öz içine alýar.
Türkmenistanyň deputatlary ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň mejlisinde (turkmenistan.gov.tm)