HALK IÇINDEN ÇYKAN NAKGAŞ – BÄŞIM NURALY

Ol milli medeniýetiň taryhyna ilkinji türkmen žiwopisçisi bolup girdi. Onuň döredijilik terjimehaly şeýle köpdürli welin, bu şahsyýet barada gürrüň edilende, «ilkinji» sözüni kän ulanmaly bolýar.
Ol ilkinji haly-dokma synag ussahanasyny döreden, täze görnüşli dutar we gyjak gurally synag orkestriniň guramaçysy hökmünde tanalýardy. Şeýle-de ol şahyr we aýdymçydy, Türkmenistanyň ilkinji mugallymlarynyň hem-de artistleriniň biridi.
Onuň suratlary Tretýakow Döwlet galareýasynda, Gündogar Muzeýinde (Moskwa), Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar.
Mundan başga-da, ol Türkmenistanyň ilkinji halk nakgaşy, ýiti, üýtgeşik zehinli adamdy, ol dürli ugurlarda özüni synardy. Hiç kese meňzemeýärdi. Oňa «Orta Aziýa Gogeni», «Türkmenleriň Jottosy» diýseler, Niko Pirosmani bilen deňeşdirseler halamazdy. «- Men Bäşim Nuraly!» -diýerdi.
Onuň durmuşy düýpgöter özgertmelere baýdy: ol bir görseň – çopan, bir-de nakgaş, ýa artist, ýa bolmasa mugallym, käte-de oýlap tapyjydyr. Ol bütin ömrüne täzeligiň, näbelli zatlary synap görmegiň höwesindedi.
Çaga döwri GZSM-ne (Gündogaryň zarpçy sungat mekdebine) tötänden düşen Bäşimi gören suratlary özüne bendi edýär welin, ol tizara bu mekdepde okap başlaýar. Tapawutlanan okuwçylar soňra Moskwada bilimini ýokarlandyrmaga mümkinçilige eýe bolýardylar.
Mugallymlarynyň biri ony ВХУТЕМАС-a (Ýokary çeperçilik-tehniki ussahanalar) girmäge taýýarlyk üçin Moskwanyň halk magaryfy bölüminiň işçiler fakultetine okuwa ýerleşdirýär.
Bäşim Nuralynyň ýaňy kemala gelip ugran döwründäki suratlary hem jedel döredýärdi, olara her kim bir hili düşünýärdi. 1930-njy ýylda Aşgabada gaýdyp gelenden soň ol «Türkmenfilm» kinostudiýasyna ýolbaşçylyk edýär, «Ýedi ýürek» filminde çopanyň keşbini-de döredýär.
Ýöne žiwopise höwesi rüstem gelýär. Ol 1923-nji ýylda «Gurban baýramy», soňra «Zagsda», «Bagşy çopanlaryň arasynda» we beýleki eserlerini döredýär.
Gazaply uruş ýyllary Bäşim Nuraly häzirki öz adyny göterýän çagalar çeperçilik mekdebinde žiwopisden sapak berýär. Bu mekdebiň muzeýinde onuň öz eli bilen ýasan saz gurallary saklanylýar.
1947-nji ýylda Bäşim Nurala « Türkmenistanyň halk nakgaşy» ady dakylýar.
Kärdeşleriniň aýtmagyna görä, onuň geýnişi-de üýtgeşik ekeni. Bir görseň donly-telpekli, bir-de ýewropa biçüw kostýumly, eli hasalyja gezipdir. Onuň eserleri-de özi ýaly hiç kimiňkä meňzemeýän üýtgeşik saýrylygy bilen tapawutlanýar.
Onuň şu saýrylygy sebäplem nakgaşlar ýygy-ýygydan onuň keşbini döretmäge çalşardylar.
Aman Jumaýewiň döreden Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebinde goýlan Bäşim Nuralynyň ýadygärligi şowly işleriň biri hasaplanylýar.
Bäşim Nuralynyň millilige ýugrulan özboluşly suratlary durmuşa hyjuwdan, eziz topraga we adamlara söýgüden doly. Ol şahyr hökmünde «Türkmen rowaýatlary» kitabyny we «Hally we çopan» poemasyny ýazypdy. Dutardyr gyjak çalmaga ussatdy.
1965-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Garagumuň jümmüşinde uçar heläkçiliginde ömür tanapy üzülmedik bolsa, bu zehinli, hakyky halk nakgaşy, gör, ýene näçe özboluşly eser dörederdi.
Halk içinden çykan nakgaş – Bäşim Nuraly (turkmenistan.gov.tm)