TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ GÜMRÜK GULLUKLARY «E-TIR» ULGAMYNY ORNAŞDYRMAK MÜMKINÇILIGINE ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük ýolbaşçylygynyň jogapkär wekilleri bilen duşuşdy we «e-TIR» taslamasyna gatnaşyjylary artdyrmak arkaly awtoulagly ýük daşama ulgamyny sanlylaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Bu duşuşykda bilelikdäki gümrük gözegçiligi üçin ýeke gümrük postunyň döredilmegi barada pikir alyşyldy. Şunuň bilen baglylykda, «e-TIR» ulgamyny ornaşdyrmak mümkinçiligini ara alnyp maslahatlaşyldy. «e-TIR» ýük daşama işinde kagyz resminamanyň bolmazlygynyň hem gümrük edaralarynyň, hem ýük daşaýjylaryň işini ýeňilleşdirmegini, amal çykdaýjylaryny azaltjakdygyny, häzirki wagt tertibinde işleýän ygtybarly halkara elektron maglumat bazasynyň barlygy sebäpli, tizleşdirjekdigini bellemelidiris.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, hyzmatlaryň arasynda deslapky maglumat we gadagan harytlaryň sanawynyň alyş-çalşygy, tiz zaýalanýan harytlaryň ugradylmagyny tizleşdirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlyga umyt bildirdiler.
«e-TIR» halkara ulgamynyň (gümrük edaralarynyň arasynda maglumat dolanyşygy) HÝD (Halkara ýük daşama) konwensiýasyna laýyklykda, harytlaryň, ulaglaryň we konteýnerleriň ýurtlar üstaşyra geçirilmegi barada milli gümrük edaralarynyň arasynda ygtybarly alyş-çalşygy üpjün etjekdigini bellemelidiris.
«e-TIR» ulgamynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulanylmagy döwlet serhetlerinden geçmek işini sadalaşdyrmaga, daşama wagtyny we daşaýjylaryň çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer.
Bu babatda Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Sarahs şäheriniň häkimi ýakynda Eýran we Türkmen hökümetara gazanan ylalaşyklary netijesinde Sarahs geçelgesinden Türkmenistana eksportyň üç esse artandygyny aýtdy.
Mohammäd-Reza Räjäbi, ýurduň täze ýolbaşçylygynyň goňşulary bilen gatnaşyklary ileri tutýandygyny nazara almak bilen, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky serhet gatnaşyklarynyň we söwdanyň artandygyny «IRNA» habar gullugyna aýtdy. Ol ýakynda baglaşylan şertnamalar netijesinde, Sarahsdan Türkmenistana geçýän ýük awtoulaglarynyň sanynyň günde 50-den 150-ä çenli artandygyny belledi.
Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň 16-njy mejlisiniň geçen hepde Tähranda bolup geçendigini, onuň netijeleri boýunça özara düşünişmek we ykdysady, söwda, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk barada memoranduma gol çekilendigini ýatladýarys. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.
Iki ýurduň resmileriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde harytlaryň eksportyny we üstaşyr geçişini artdyrmak, şeýle hem iki ýurduň arasynda demirýol arkaly ýük daşamagy ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň egindeş başlygy, Ýollar we şähergurluşyk ministri Rostam Gasemi serhedaşa ýük daşama baradaky şertnamalaryň giňelmegini gutlady. Ol taraplaryň flotuň serhetdäki hereketini we serhet geçelgeleriniň iş wagtyny artdyrmak, şeýle hem deňiz we demir ýol ulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.