EZIZ DIÝARYMYZDA BÜTINDÜNÝÄ TELEKEÇILIK HEPDELIGI

Şu ýylyň 8-nji noýabrynda başlanan Bütindünýä telekeçilik hepdesi (BTH) 180 ýurtdan telekeçilik ekosistemasyna gatnaşyjylary ýylda bir gezek bir ýere jemleýän halkara çäredir. Bu çärä gatnaşýan telekeçiler iň täze telekeçilik önümleri we başlangyçlary bilen tanyşmaga, üstünlikleri we sebitlerinde telekeçilik medeniýetiniň ösüş derejesi barada maglumat alyşmaga mümkinçilik alýarlar.
BTH-niň esasy wezipesi bütin dünýäde telekeçilik medeniýetini emele getirmek we telekeçilik mümkinçiligini ösdürmekdir.
«МСТ» Agentligi şu hepdäniň çäginde «Zenan Tehnologlar, Ashgabat» bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşlaryň telekeçiligini ösdürmäge, innowasiýalary öňe sürmäge we täze döwrebap taslamalara maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen birnäçe çäräni geçirdi.
«Başlangyjy nädip işe girizmeli» diýen okuw täze pikirleriň eýeleri, öz işini döretmäge we kynçylyklary çözmekde adamlara kömek etmäge çalyşýan ýaşlar üçin geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar telekeçiligi döretmek we ösdürmek üçin esasy ädimleriň nämedigini öwrendiler we dünýäniň dürli künjeginden gelen başlangyçlaryň mysallary bilen tanyşdylar.
Hünärleri, esasanam, innowasiýalaryň döredilmegine goşantlaryny goşjak adamlar – programmaçylar, inženerler, dizaýnerler üçin şol bir mazmunly aýratyn okuw geçirildi.
Şeýle hem başlangyç telekeçilere maliýe taýdan hem-de geňeşçi we terbiýeçi hökmünde goldaw bermäge taýyn telekeçileriň arasyndan bar bolan maýadarlar üçin seminar geçirildi. Bu seminarda başlangyçlar bilen özara gatnaşyklaryň esasy ýörelgeleri we olara baha bermegiň usullary görkezildi.
«МСТ Agentliginiň başlangyç akademiýasynyň» işiniň ilkinji netijeleri hem jemlendi. Döredilen ilkinji ýylynda 14 taslama görkezilen: işe başlamak, ilkinji satyşy amala aşyrmak, harytlaryň ilkinji toparyny daşary ýurda eksport etmek, zyýansyzlyk nokadyna ýetmek, hemişelik müşderi edinmek ýaly ösüş derejelerinden geçdi.
Eziz Diýarymyzda Bütindünýä telekeçilik hepdeligi (turkmenistan.gov.tm)