ŞOWHUNLY TÄZE ÝYL SOWGATLARY

Täze ýyl baýramy golaýlaýar. Ozaldan däp bolşy ýaly, Täze ýylyň rysgal-bereketli saçagynyň başyna ýygnanan dogan-gardaşlara, dost-ýarlara we körpeje çagalara Aýazbabanyň gatnaşmagynda şowhunly täze ýyl gepleşikler hem-de filmler garaşýar.
Täze ýyl gepleşikleri, wideoşekiller we filmler häzirden surata düşürilýär. Täze ýyl aýramçylygynda teletomaşaçylara gyzykly zatlaryň ençemesi garaşýar.
Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň döredijilik topary estrada aýdymçylaryň we wäşileriň gatnaşmagynda şowhunly gepleşik taýýarlady. Oňa ýurdumyzyň tanymal artistleri we aýdymçy-sazandalary gatnaşýarlar. Konsert «Miras» teleýaýlymynda Täze ýyl agşamy görkeziler.
Täze ýyl gijesiniň şowhunly gepleşikleri we filmleri baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşýar. Kinorežisýor Arslan Eýeberdiýew baýramçylyk mynasybetli gysga metražly «Syrly sowgat» filmini taýýarlar, režisýor Myrat Orazow «Geldi Täze ýyl!» kinolentasyny we Sapardurdy Annaýew gysga metražly «Sowgat» filmini surata düşürýärler.
31-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň, şeýle hem paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnalan Täze ýyl arçasynyň başynda konsertleriň göni ýaýlymda görkezilmegi tomaşyçylaryň göwnüni şat eder.